Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Täze taryhy döwürde Türkmenistan beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ulag ulgamynda hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn uly üns berip, bu babatda möhüm çäreleri amala aşyrýar. Şonuň netijesinde onuň BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň maslahatlarynda, sammitlerinde öňe sürýän başlangyçlary, teklipleri giň goldawa mynasyp bolýar. Şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi-de onuň aýdyň nyşanydyr.
Bu barada aýdylanda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de taýsyz tagallalary bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan durnukly ulag we bu babatda halkara hyzmatdaşlygy ýokary derejelere ýetirmek boýunça 2014, 2015, 2017, 2021-nji ýyllarda jemi 4 sany Kararnamanyň kabul edilendigini belläp geçmek zerur bolup durýar. Mundan başga-da, 2016-njy ýylda Aşgabat şäherinde BMG-niň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň geçirilmegi hem uly ähmiýete eýe boldy. Bu ýurdumyzyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan uly goşandyny alamatlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle asylly başlangyçlaryny has-da işjeň dowam etdirmek bilen, ulag boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge has-da uly üns gönükdirýär. Muny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň maý hem-de iýun aýlarynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» we «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitlerinde eden çykyşlarynda aýdanlary-da anyk tassyklaýar. Şonda hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan ulag ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar diýip hasaplaýar. Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek strategiýasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy orny göz öňünde tutulýar» diýip, nygtap geçdi. Bu bolsa ata Watanymyzyň ulag ulgamynda alyp barýan ýörelgesiniň esasy ugruny kesgitleýär.
Elbetde, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, ýakyn günlerde ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça nobatdaky maslahatyň hem bu babatda aýratyn ähmiýeti bardyr. Çünki onda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň guralmagy, döwletleriň arasynda ýangyç-energetika serişdelerini, gazylyp alynýan magdanlary, oba hojalyk önümlerini we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda öndürilýän önümleri dünýä bazarlaryna çykarmak babatda hyzmatdaşlyk etmegiň has-da bähbitli ýollaryny özara maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy bar bolan mümkinçilikleriň derejesine çykarmak üçin derwaýys bolan çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini kesgitlemek, şu ýurtlaryň dürli ugurlar boýunça gatnaşyklarynda ýüze çykýan bökdençlikleri, kynçylyklary aradan aýyrmak ýaly meseleler boýunça pikir alşylar. Bir söz bilen aýdylanda, bu forum häzirki döwrüň möhüm syýasy-ykdysady meselelerini çözmekde abraýly halkara meýdança bolup hyzmat eder. Şonuň bilen birlikde-de, ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bolup geçen taryhy wakalaryň birine öwrülip, onuň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine ýardam berer.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available