Daşoguz+8°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Dabaraly maslahat

15.07.2025
2
Dabaraly maslahat

«Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan: parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ýoly bilen» atly şygar bilen, golaýda TAP-nyň welaýat komitetiniň guramagynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Oňa agrar partiýanyň, demokratik partiýanyň, kärdeşler arkalaşygynyň, ýaşlar guramasynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda buýsançly şygar bilen dabaralandyrylýan şu ýylymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň döwlet syýasatymyzyň ähli ugurlaryny rowaçlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolup durýandygy barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyz hem dünýä jemgyýetçiligi üçin amala aşyrylýan beýik işleriň dost-doganlygy, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrýandygy, ykdysady ösüşi berkidýändigi, hemişelik Bitaraplygymyza esaslanýan daşary syýasatymyzyň mazmunyny has-da baýlaşdyrýandygy nygtaldy. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.