Ulgamyň beýik ösüşleri

Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipesi halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we irki döwründe anyklap, döwrebap bejermek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak bolup durýar.
Maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ýurdumyzyň dürli ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary bilen bir hatarda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy ýaly abraýly halkara guramalar bilen maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu maksatnamanyň kabul edilenine 30 ýyl dolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gönüden-göni ýolbaşçylyk etmeginde işlenilip taýýarlanylan we 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy eziz Watanymyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek, ilatyň saglygyny berkitmek boýunça esasy ugurlary hem-de gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi.
Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň ýolunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň saglyk ulgamynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Şonuň netijesinde bu pudagyň esasy ugurlaryny hem-de wezipelerini kadalaşdyryjy «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda», «Iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda», «Radiasiýa howpsuzlygy hakyndaky», «Agyz suwy hakynda», «Dermanlyk işi we derman üpjünçiligi hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda»Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki ençeme möhüm resminamalar kabul edildi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda geçirilen ägirt uly özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda birnäçe keselleriň öňi alyndy. Adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri bilen, kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmeti hem-de dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada işjeň hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgeler ösdürildi. Geçirilen bu işler ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň artmagyna, keselçiligiň derejesiniň peselmegine, ynsan durmuşy üçin howply ýokançly keselleriň düýbünden ýok edilmegine ýardam berdi. Döwrebap usullar bilen geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri bolsa jemgyýetimizde saglyk barada täze düşünjeleri kemala getirdi. «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» diýen şygar bilen umumymilli derejede köpçülikleýin sport we bedenterbiýe bäsleşiklerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzda täze enjamlar bilen üpjün edilen hem-de ilata häzirki zaman hyzmatlaryny edýän saglygy goraýyş merkezleri, şeýle hem dürli sport desgalary — halkara ülňülerine gabat gelýän stadionlar, aýlawlar guruldy hem-de häzir hem gurluşygy dowam etdirilýär.
Il saglygyny ýurt baýlygyna deňäp, halkymyzyň saglygy ugrunda bimöçber alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available