Daşoguz+8°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Jana şypaly melhemler mesgeni

18.07.2025
2
Jana şypaly melhemler mesgeni

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, saglygy dikeltmek işleri diňe bir hassahanalarda, saglyk öýlerinde däl, eýsem, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde gurlup ulanmaga berlen beýleki şypahanalar bilen bir hatarda, welaýatymyzdaky «Daşoguz» şypahanasynda hem üstünlikli alnyp barylýar. Şypahanada watandaşlarymyzyň döwrebap dynç almagy, saglyklaryny dikeltmegi üçin ähli amatly şertler döredilen. Şypahanada bejeriş üçin 1200 metr çuňlukdan çykarylýan ýod bromly mineral suw ulanylýar. Onuň gyzgynlyk derejesi 54 gradusa deňdir. Ol daýanç-hereket synalarynyň, çetki nerw ulgamynyň, peşew çykaryş we jyns agzalarynyň, deri, endokrin ulgamynyň kesellerini bejermekde wanna we dürli duşlar görnüşinde giňden ulanylýar.
«Daşoguz» şypahanasynyň binasy 3 gatdan ybarat bolup, onuň 1-nji gatynda bejeriş, anyklaýyş, suw bilen bejeriş we dolandyryş bölümleri, 200 orunlyk naharhana, dermanhana, 2-nji we 3-nji gatlarynda bolsa, 200 orunlyk ýatymlaýyn otaglar ýerleşýär. Şypahananyň 2-nji gatynda ýerleşýän fitobarda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda melhemlik häsiýetleri ylmy taýdan subut edilen dermanlyk ösümlikleriň dürli görnüşlerinden taýýarlanylan melhemlik çaýlar, demlemeler dynç alýan adamlara hödür edilýär. Bu bolsa bejergi alýanlaryň tiz sagalmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şypahananyň anyklaýyş bölüminde rentgenografiýa, endoskopiýa, kolonoskopiýa, ultrases barlag, elektrokardiografiýa, barlaghana, şeýle hem stomatolog, aýal keselleri, iç keselleri, newropatolog, gulak-burun we bokurdak keselleri lukmanlarynyň otaglary ýerleşdirilen. Bölüm keselleri anyklamak üçin dünýäniň meşhur kompaniýalary tarapyndan öndürilen iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen doly derejede üpjün edilen. Bölümde öz işine ussat hünärmenler zähmet çekýärler. Bejeriş bölüminde parafin, ozekerit, palçyk, magnit, lazer, ultraýokary tolkunly tok, elektrofarez we wakum, ultrases, infragyzyl şöhle, sowuk howa akymy, ozon, hoşboý yslar, basyş, iňňe, derman erginleriniň bugy, oňurga çekiji enjamlar bilen bejergiler geçirilýär. Bedeni we ýüzi ýörite enjamlar bilen owkalama, duzly we mineral howadan dem almak arkaly geçirilýän bejergiler hem örän gowy netije berýär. Şypahanada bejergi bermegiň SPA kapsula, bejeriş bedenterbiýesi ýaly döwrebap we netijeli usullaryndan hem giňden peýdalanylýar. Suw bilen bejeriş bölüminde mineral suwly wannalardan we duşlardan, suwasty owkalamadan, ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan erginlerden peýdalanylyp, şeýle hem suwasty oňurga çekiji enjamlar, galwaniki wanna usullary bilen hem bejeriş işleri geçirilýär. Bölümde 2 sany mineral suwly kiçi howuz, 1 sany adaty suwly uly howuz, 2 sany sauna (hammam) dynç alýanlaryň hyzmatynda. «Daşoguz» şypahanasynda mineral suwlar howuz, wannalar, duşlar (şarko duşy, aýlawly duş) görnüşlerinde ulanylýar. Bejeriş wannalary mineral suwuň düzümini we ýylylyk derejesini üýtgetmän saklap bilýär. Bu wannalaryň kömegi bilen dikeldiş bejergilerini bir wagtyň özünde dürli ugurlarda, ýagny adaty wanna hem-de adaty wanna suw akymyny goşup, suw owkalamasy görnüşinde geçirip bolýar. Suw-howa akymy bilen owkalama görnüşinde kabul edilen wannanyň bejerijilik täsiri has-da ýokary. Howzuň daşynda ýerleşýän trenažorlaryň kömegi bilen bolsa, bir wagtyň özünde berilýän bejergini mylaýym suwda ýüzmek we dürli maşklary ýerine ýetirmek bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik bar.
Şypahanada saglyklaryny dikeldýänler üçin türkmen myhmansöýerligine laýyklykda, naharhanamyzda hödürlenýän tagamlaryň hiliniň ýokary derejede bolmagyna aýratyn üns berilýär. Şypahanada raýatlarymyzyň döwrebap dynç almaklary üçin ähli amatly şertler döredilip, dürli medeni çäreler yzygiderli guralýar.
Halkymyzyň bolelin, asuda, parahat, sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.