Taryhy maslahat — geljege nazar

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde kabul edilen «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň esasynda bu maslahatyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgustynda ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi mynasybetli hem-de onuň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksadynda guralýan dabaralar, çäreler, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynda, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Golaýda şeýle dabaralaryň biri Daşoguz şäher häkimliginiň, TDP-niň şäher komitetiniň guramagynda, «Awaza forumy — durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» diýen at bilen häkimligiň mejlisler zalynda geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Onda çykyş edenler BMG-niň bu iri halkara maslahatyny ýokary derejede geçirmek barada hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýunda gol çeken Kararyny ýerine ýetirmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň 13-nji iýundaky mejlisinde öňde goýan wezipeleri dogrusynda gürrüň berdiler. Şonuň bilen birlikde-de, çykyşlaryň dowamynda «Awaza» forumynyň dünýä döwletleriniň özara bähbitli gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagynda, ykdysady ösüşlerine möhüm goldaw berilmeginde, ata Watanymyzyň abraý-mertebesiniň belende göterilmeginde örän uly ähmiýetiniň bardygy guwanç bilen bellenildi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available