© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Garaşsyzlyk adam ykbalyna ýazylan iň uly dereje hasaplanýar. Onuň bilen beýgelýärsiň, özüňi açýarsyň. Garaşsyzlygyň gadamlarynyň batlydygy ýylsaýyn has-da duýulýar. Şol duýgy göwnüňi galkyndyrýar. Onuň gymmatly serpaýy — parahat ýurtda döredilen ýaşaýyş-durmuş amatlyklary. Şu nukdaýnazardan, Garaşsyzlygymyz aýdyň maksatlaryň dabaralanmagynyň hatyrasyna ýetilen şöhratly menzildir. Halkymyzyň bolelin durmuşy hakyndaky alada adam hakdaky aladanyň köp jähtlerini özünde jemleýär. Çünki bolelin durmuş — parahat ýaşamagyň esasy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik ugrunyň ösüşi tanalmaz derejede özgerdi. Ykdysadyýetiň ösüşini berkitmek maksadynda täze pudaklar kemala geldi. Önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmak, aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmek, ylmyň ileri tutulýan ugurlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, medeni-durmuş maksatly syýasaty giňden ýaýbaňlandyrmak ýaly ugurlarda öňegidişlikler gazanyldy. Sagdyn, ruhy-intellektual derejesi ýokary jemgyýeti kemala getirmek ugrunda alnyp barlan işler ýokary netijeleri berdi. Ösüşleriň maddy we ruhy taýdan şahsyýetiň isleglerine laýyklykda, sazlaşykly ýola goýulmagy döwletimizdäki ilerlemeleriň çuňňur demokratiýa esasyndadygyny äşgär edýär. Garaşsyzlygyň şanly ýyllarynyň içinde halk, jemgyýet, döwlet düşünjelerine bolan garaýyşlar has düýpli kämilleşdi. Şularyň özi hem jemlenip, döwletimiziň kuwwatynyň ruhy gözellik, aňyýet, syýasat, filosofiýa ýaly düýpli ylmy ugurlarda ýüze çykýandygyny aňladýar.
Häzirki wagtda bolsa, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz dünýäde ynsanperwerlikli syýasatyny dabaralandyrýar. Munuň özi adam hakyndaky iň ýokary aladanyň döwlet syýasatyny kämilleşdirmegiň ýolunda hemişe üns merkezinde durýandygynyň aýdyň mysalydyr. Şeýlelikde, döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň adamzat gymmatlygyna goşan saldamly goşandynyň gözbaşlaryna täzeden aýdyňlyk çaýdy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available