Gök önümleriň bereketli harmany

Hormatly Prezidentimiz ilaty öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilen, ekologiýa taýdan arassa gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek barada oba hojalykçylaryň öňünde möhüm wezipeleri goýýar. Olary amal etmek boýunça Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Etrabyň daýhan birleşiklerinde gowaça, bugdaý, şaly bilen bir hatarda, gök ekinleri ösdürip ýetişdirmek hem ýola goýuldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda etrap boýunça 80 gektar ýerde pomidor ekişi geçirilip, doly bahaly gögeriş gazanyldy. Ähli ideg-bejergi işleri öz wagtynda, talabalaýyk berjaý edilen pomidor meýdanlary häzirki wagtda bol hasyl eçilýär.
Etrabyň Nazly Gylyjow adyndaky daýhan birleşigi pomidor ösdürip ýetişdirmekde aýratyn tapawutlanýar. Şu ýyl hojalygyň kärendeçileri 8 gektar ýerde pomidoryň toprak-howa şertlerimize oňat uýgunlaşan görnüşlerini ösdürip ýetişdirdiler. Tejribeli kärendeçilerden Guwanç Arazgeldiýew 2, Hakberdi Öwelekow 1, Baýramgeldi Geldiýew 1,5, Döwletbaý Ataýew 2, Pirnepes Ödekow 1,5 gektar ýerden bereketli hasyl ýygnaýarlar. Häzirki wagta çenli hojalyk boýunça 50 tonna golaý pomidor hasyly sarp edijilere ýetirildi. Atyzlarda bar bolan hasyly ýygnamak işleri dowam edýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available