Tohumlyk gowaçanyň idegi

Gowy hilli tohum daýhançylyk işinde esasy zerurlyklaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem Boldumsaz etrabynyň pagtaçylary tohumçylyk işine uly ähmiýet berýärler. Etrabyň gowaça meýdanlarynyň agramly böleginde onuň «Daşoguz-120» görnüşi ekilýär.
Etrabyň pagtaçylaryny gowaçanyň bu görnüşiniň ýokary hilli tohumy bilen üpjün etmekde Saýlantgy tohumçylyk hojalygynyň işgärleri netijeli işleri alyp barýarlar. Şu ýyl hem «10 ýyl Abadanlyk» daýhan birleşiginde 3,5 gektar ýerde gowaçanyň şu görnüşiniň tohummaýa, 40,6 gektar ýerde naýbaşy, 209,58 gektar ýerde saýlantgy, 346,32 gektar ýerde A-1, G.Atamedow adyndaky daýhan birleşiginde 500 gektarda, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde bolsa 400 gektarda A-1arkasy ösdürilip ýetişdirilýär.
— Pagtaçylarymyzy ýokary hilli tohumlyk gowaça çigidi bilen üpjün etmek üçin yzygiderli iş alyp barýarys. Gowaça hasylynyň ykbaly köp derejede tohumçylyga bagly. Şonuň üçin hem tohumlyk gowaça ekilenden tä onuň çigidi daýhana baryp ýetýänçä öz gözegçiligimizde saklaýarys. Biziň işimizde esasy maksat gowaçanyň ýokary hilli çigidini öndürmekden ybarat — diýip, Saýlantgy tohumçylyk hojalygynyň ýolbaşçysy Ýagmyrbaý Gazakow gürrüň berdi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available