Daşoguz+8°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Hünärli gollar, mertebeli iller

01.08.2025
1
Hünärli gollar, mertebeli iller

Milletimiziň iň gymmatly ýörelgeleriniň hatarynda el hünärlerini nesilden-nesle geçirmek sungaty esasy orunda durupdyr. Bu häzirki täze taryhy döwrümizde hem gymmatyny ýitirmän, döwrebap derejede rowaçlandyrylýar. Türkmen zenanynda iň asylly gylyk-häsiýetleri terbiýeleýän el hünärleri özleriniň görnüşleri boýunça baý öwüşgine eýedir. Olaryň aglabasy maddy däl medeni miras hökmünde dünýäde ykrar edilip, giňden ýaýylýar, öwrenilýär. Şolaryň hatarynda keçe sungaty hem baý mirasymyzyň aýratyn bir görnüşi hökmünde durmuşymyza giňden ornaşyp gelendir we ol zamanabap öwüşgin berlip, täze röwüşe eýe bolýar. Keçe sungatyny ýaş nesillere ýetirmek, onuň aýratynlyklaryny giňden wagyz etmek maksady bilen, zenanlar guramasy tarapyndan ýylyň-ýylyna «Gülüň owadan!» atly bäsleşik geçirilýär. Şu ýyl bu bäsleşigiň döwlet tapgyrynda welaýatymyzyň ussat zenanlary baş baýraga mynasyp boldular. Bu gymmatly hünäriň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň etmek maksady bilen, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mugallymy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy, bäsleşigiň ýeňijisi Ýazbibi Mämedowa bilen gürrüňdeş bolduk.
— Asyl kärim ýaş nesle bilim bermek bolsa-da, keçe sungatyna bolan höwesim oňa utgaşyklylykda kiçiligimden bäri ýüregimiň töründe orun alandyr. Mugallym bolmak arzuwym hasyl boldy. Bu günki gün bolsa, hemişe kalbymyň bossany bolan el hünärim bilen tutuş döwlet derejesinde, özüm ýaly zenanlaryň arasyndan saýlanyp, baş baýraga mynasyp bolmagym arzuwlarymyň wysalyny amal etdi.
Enem keçe taýýarlamak, ejem haly dokamak bilen meşgullanardylar. Olaryň bu sünnäli işleri üme düşünip ugran çaga wagtymdan kalbyma baky ornapdy. Hususan-da, keçe güllemek, basmak maňa has ýakyn sungatdy. Şäherde ýaşap, işläp ýörsem-de, işden boş wagtlarym öz obamyz — Görogly etrabynyň Aksaraý geňeşligine häli-şindi baryp, dogan-garyndaşlarym bilen keçe taýýarlamak işlerine uly höwes bilen gatnaşýaryn. Ýeri gelende, obamyzyň zenanlarynyň keçe sungatyna häli-häzirem werzişdigini nygtasym gelýär. Bu işi mekdebimizdäki gyzlar gurnagynda hem has rowaçlandyrýarys. Ösüp barýan ýaşlara keçe taýýarlamagyň, haly dokamagyň inçe usullaryny içgin öwredýäris. Bu bir tarapdan halypa-şägirtlik mekdebiniň rowaçlandyrylýandygynyň aýdyň hakykatydyr. Öwrenenleriňi öwretmek hünäri nesilden-nesle geçirmek, dowamatyna dowam bermek bolup durýar. 
Bäsleşikde enemden öwrenenlerim maňa uly mekdep bolup kömek etdi, özümi ynamly hem arkaýyn duýmaga, sahnada erkin çykyş etmäge köp mümkinçilikleri berdi. Bile çykyş eden ýoldaşym Sülgünjemal Potyýewa bilen ýokary derejedäki taýýarlygymyz, welaýatymyzyň zenanlar guramasynyň kömek-goldawy bize üstünlik getirdi. Bäsleşikde keçe gülläp görkezenimizde gadymy hem müdimi nagyşlary döwrebap şekiller bilen aralaşdyryp zamananyň ruhyna kybapdaş işi ýerine ýetirdik. Keçä tüýnük nagşyny salyp, onuň ortarasynda ak kepderiniň şekilini ýerleşdirdik, zeýtun şahajygyny çyzdyk. Gyrasyna Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň ören alajalaryna salgylanyp, alaja nagşyny saldyk. Soň Günüň reňkini berip, gülüň ýüzüni açýan reňkde «sary içýan» nagşyny ýerleşdirdik. Jebisligiň nyşany hökmünde gyr gara salyp, keçämizi taýýar ýagdaýa getirdik. Işimizde ýerleşdiren ähli güldür nagyşlaryň taryhyny, aňladýan manysyny rowaýatlaryň, çeper sözleriň üsti bilen gürrüň berip, öz başarnygymyzy, döwre gatnaşygymyzy açyp görkezdik. Ýokary derejedäki taýýarlygymyz welaýatymyzyň zenanlarynyň ussatlygynyň kepili bolup, döwlet derejesinde uly üstünlik bagyşlady. 
Milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi, sungat derejesinde sarpalanýan senet hökmünde häzirki wagtda hem durmuşymyzda uly mazmuna eýe bolan keçäniň gymmaty barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň tutýan orny has uludyr» diýlip bellenilýär. 
Bu naýbaşy senedi taýýarlamak üçin, ilki bilen, goýnuň ýaz we güýz ýüňleri, baýzy ýüňi saýlanyp alynýar. Ýüňleriň iň saýlama görnüşi baýzy ýüň, ýagny toklynyň ilkinji gyrkymy bolan ýumşajyk ýüň bolup, ol esasan, haly dokamakda, keçäniň nagşyny çyzmakda peýdalanylýar. Ýüňler gowy ýuwlup, tebigatymyzdan alnan dürli reňkler bilen boýalýar. Keçäniň güli üçin ýaz ýüňi saýlanyp alynýar, sebäbi ol reňki gowy alýar hem-de girmeýär. Keçe güllenip bolandan soňra gyrasyna goýulýan gyr gara üçin bolsa goýnuň gara ýüňi ulanylýar. Keçäniň arkalygyna güýz ýüňi ulanylyp, ol iki sany saý çybykda saýylýar hem-de üç gat edip arkalyk goýulýar. Soň ol gamşa dolanyp, çekim çekilýär. Her tarapdan gyzgyn suwa suwlanýar. Suwy, çekimi, eýi ýeten keçe bilekde basylýar. Soňra boýuna silkilip, Gün nuruna serilýär. Sungat derejesinde arzylanýan bu sünnäli iş gyz-gelinleriň zehin-başarnygynyň mertebe belentligi bolup illerden-illere gezýär. 
Biz, zenanlara özümiziň ukyp-başarnygymyzy, el hünärimizi giňden açyp görkezmäge, ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.