© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçmegi mynasybetli welaýat häkimliginiň guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda guralan bu maslahata döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport edaralarynyň işgärleri, giň halk köpçüligi gatnaşdylar.Dabarada welaýat häkiminiň orunbasary Ogulaltyn Çerkezowa, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gutly Ballyýew, Köneürgenç etrabyndan mährem ene Nartäç Gurbanmedowa, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Otuzow, Türkmenistanyň halk artisti Almagül Nazarowa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy Hudaýnazar Meredow we beýlekiler çykyş edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bu iri halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi mynasybetli hoşallyk sözlerini aýdyp, ýürek buýsançlaryny paýlaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, BMG-niň bu uly maslahatynyň ata Watanymyzda geçirilmegi ýurdumyza, halkymyza halkara derejesinde goýlan belent hormatyň, bildirilen çäksiz ynamyň nyşanydyr. Onuň çäklerinde guralan forumlar, mejlisler, duşuşyklar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler işjeň ýagdaýda geçmek bilen, diňe bir deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar däl, eýsem, tutuş dünýäde dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şonuň bilen birlikde-de, bu forum Türkmenistan döwletimiziň şeýle iri halkara çäreleri geçirmekde uly tejribesiniň bardygyny, bu babatdaky işlere goşant goşmaga hemişe taýýardygyny giňden äşgär etdi.
Dabaranyň dowamynda şeýle halkara maslahatyň netijeli iş alyp barmagy, üstünliklere beslenmegi barada çäksiz alada eden Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Dabaraly maslahatda ata Watanymyzyň ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp edýän şirin aýdym-sazlar belent ýaňlandy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available