© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetini olara ýetirmek maksadynda, «Awaza forumy: hyzmatdaşlyk arkaly ösüş» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýatymyzdaky harby bölüminiň serkerdeleri hem-de esgerleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, hünär öwrenmekleri, Watana wepaly gulluk etmekleri üçin döredilýän şertler, halkara «Awaza» forumynyň döwletleriň, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Şeýlelikde, bu çäre oňa gatnaşan ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available