Daşoguz+8°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Gatnaşyklary berkitmegiň aýdyň ýoly

13.08.2025
1
Gatnaşyklary berkitmegiň aýdyň ýoly

«Berkarar döwletimiziň Bitaraplyk syýasaty  —durnukly ösüşiň aýdyň ýoly» diýen at bilen TAP-nyň welaýat komitetiniň guran maslahaty hem örän işjeň ýagdaýda geçdi.
TAP-nyň welaýat, etrap, şäher komitetleriniň işgärleriniň, işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu çärede Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermek, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak babatda amala aşyrýan işleri, olaryň hatarynda golaýda ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi hakynda gürrüň edildi. Maslahatda çykyş edenler bu barada aýtmak bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34, baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramlaryna barylýan döwürde bolup geçýän şeýle guwandyryjy wakalara öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.