© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Welaýat kitaphanasynda Medeniýet müdirliginiň, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guran «Parahatçylyk — dünýäniň göwher täji» atly döredijilik duşuşygy hem şanly ýylymyza bagyşlandy.
Duşuşykda şanly ýylymyzda ýurdumyzda gazanylýan döredijilikli, joşgunly zähmet üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitler barada buýsançly gürrüň etdiler. Şeýle hem bu täze taryhy döwrüň bu şanly ýylynda halkara gatnaşyklarynda il-ýurt bähbitli hyzmatdaşlyklaryň, dostana gatnaşyklaryň mundan beýlägem pajarlap ösjekdigi hem-de Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan bellenjekdigi barada giňişleýin söhbet etdiler. Bu şanly ýylymyzda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmeginiň taryhy ähmiýeti barada hem giňişleýin belläp geçdiler. Duşuşygyň dowamynda dünýä halklarynyň agzybirligini pugtalandyrmak, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetli gatnaşyk, parahat söýüjilik ýaly ýol-ýörelgeleri ýola goýmak ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available