Tehnikanyň sazlygy — üstünligiň kepili

Taryhy wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň güýzlük bugdaý ekiş möwsümi günsaýyn golaýlaýar. Onuň bellenilen möhletlerde, talabalaýyk amala aşyrylmagy bu çärä ýokary derejede taýýarlyk görülmegine bagly bolup durýar. Şuny nazarda tutmak bilen, welaýatymyzyň degişli edara-kärhanalary derwaýys çäreleri durmuşa geçirýärler.
Bu babatda ekişde ulanyljak tehnikalaryň birkemsiz abatlanylyp, möwsüme taýýar edilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny aýtmak gerek. Şoňa görä-de, welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky önümçilik kärhanalarynyň işçi-hünärmenleriniň bitirýän işleri örän möhümdir. Çünki olaryň yhlasly zähmetleri bilen ekişiň bökdençsiz geçirilmegi üpjün edilýär. Akdepe etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň abatlaýjy ussalarynyň, mehanizatorlarynyň bu ugurdaky agzybirlikli zähmetiniň hem oňat netijeleri berýändigini nygtamak bolar. Munuň şeýledigini kärhananyň çäginde häzirki wagta çenli gözden geçirilip, ýokary hilli abatlanylyp, taýýarlyk hatarynda goýlan tirkeg gurallary, ekijiler, boronalar hem tassyklaýar. Olara nazar aýlanyňda, ezber ussalaryň öz işlerine örän jogapkärli çemeleşendiklerini görmek bolýar. Kärhananyň baş inženeri Jelaleddin Nasrallaýewiň aýtmagyna görä, bu ýerde öňde duran bugdaý ekişine taýýarlyk çärelerine has ir girişilipdir. Munuň özi onda peýdalanylmagy göz öňünde tutulýan tehnikalaryň, olaryň tirkeg gurallarynyň, boronalaryň esasy böleginiň talabalaýyk abatlanylmagyna şert döredipdir. Bu hakda aýdylanda, şu möwsümde kärhana boýunça jemi 100-den gowrak dürli kysymly, kuwwatly traktorlaryň ekişe gatnaşdyrylmagynyň meýilleşdirilýändigini bellemek zerurdyr. Olaryň 50-ä golaýy sürüm, 40 sanysy ekiji, 20-si bolsa bejergi traktorlarydyr. Şonuň ýaly-da, çizelleriň, ekiji gurallaryň hem ýeterlik möçberi bugdaý ekişine gönükdiriler.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available