Daşoguz+28°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Ekerançylaryň derwaýys aladalary

27.02.2025
Ekerançylaryň derwaýys aladalary

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň öndürilişini artdyrmak hem-de halkymyzyň olara bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak babatda öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmaklygy maksat edinýän Görogly etrabynyň ekerançylary hem golaýlap gelýän ekiş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmekde derwaýys işleri durmuşa geçirýärler. Etrabyň H.Myradow adyndaky daýhan birleşiginde alnyp barylýan işleri hem aýratyn bellemek bolar. Birleşigiň ekerançy daýhanlary şu ýylyň ýaz ekişinde 40 gektara ýeralma, 15 gektara sogan, 15 gektara gawun-garpyz, 4 gektara kelem, 4 gektara pomidor, 3 gektara käşir, 1 gektara hyýar ekmegi göz öňünde tutup, kadaly gögeriş gazanmak hem-de bol hasyl ýetişdirmek ugrundaky aladalara ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirýärler. Şeýlelikde, häzirki wagtda bu babatda iş alyp barmak üçin şertnama baglaşan 20-ä golaý kärendeçi daýhanlar özlerine berkidilen meýdanlarda yhlasly zähmet çekýärler.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.