© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!». Bu ganatly sözler halkymyzyň bagtyna ak Gün bolup dogan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň ykbalyny öz belent başyna alan güni çyn ýürekden syzylyp çykan, maňzynda many goýazy, beýik geljek üçin belent maksatlaryň beýany jemlenen beýik ygraryň hakykaty bolup, täze döwrümizi mertebe menzillerine ýetirjek ýörelgä öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini parasatlylyk bilen dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ähli tutumlarynyň düýp özeninde halk bilen bitewülik jemlenendir.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygar bilen dabaralandyrylýan ýylymyz taryhy wakalara baýlygy bilen täze döwre şan berýär. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny bolan çäreler döwlet berkararlygymyzyň şanly toýunyň ruhubelentligini artdyrýar. Altyn güýz ilkinji günlerinden toý-baýramy bilen halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Ähli babatda özleri hakda edilýän uly aladalara çyn ýürekden guwanýan hem buýsanýan bagtyýar raýatlarymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerine guwanç-buýsançlaryny ak alkyşlaryna siňdirip, tüýs ýürekden uzak ömür dileýärler. Bir-biriniň üstüni ýetirýän toý-baýramlar, şanly seneler taryhy döwrümizi öňe ilerledýän hormatly Prezidentimiziň tagallaly tutumlaryna halkyň hoşallygyny has-da artdyrýar. Ösüşiň täze tapgyryna gadam basylmagy bilen, uzak sepgidi nazarlaýan döwri öz içine alýan taryhy maksatnamany — «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirmek boýunça kabul edilen maksatnamalar we beýleki resminamalar hormatly Prezidentimiziň halkyň ykbalyny döwrüň ösen derejesine laýyk arşa götermek maksadyndaky belent tutumlarydyr. Bu günki gün döwletimiz kämil hem kuwwatly ösüşiň mertebe menzillerini külterleýär. Halkyň durmuşynda kemala gelýän ýaşaýyş gurşawynyň mazmunynda döwre mahsuslyk görnetin duýulýar. Tutuş barlygyň döwresinde jäheklenip oturan depesi gök direýän belent bina-desgalar häzirki zamanyň kämil derejesinde gurlandygy, olarda iň ýokary ýaşaýyş, durmuş, iş mümkinçilikleriniň amatly usullarynyň döredilendigi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly tagallalarynyň netijesinde türkmeniň gurmak gudratynyň bu günki gün näderejelere ýetendigini äşgär görkezýär.
Şygarynda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň baý mazmuny jemlenen şu taryhy ýylymyzda durmuşa geçirilýän her bir tutumyň netijeleri halkymyzyň döwletliliginden habar berýär. Çünki her bir işde diňe bir halkyň bähbidi göz öňünde tutulman, eýsem, tutuş adamzat ykbalyna ýokary derejede täsirini ýetirjek çuňňur oýlanyşykly esasda öňe sürülýän başlangyçlar bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi dünýä bilen has-da jebisleşdirýär, bitewi maksatda birleşdirýär. Bu zatlaryň ählisi peder ýoluny örän parasatlylyk bilen dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent mertebeli ady bilen berk baglanyşykly bolup, aýdyň maksatlaryň nurana ýolundan ynamly gadamlar bilen öňe barýan döwletimiziň şu gününiň rowaç, bagtyýar geljeginiň şuglaly ýalkymyny Ýer ýüzüne çaýýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available