© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzyň ähli künjeginde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy » atly biraýlygyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Her bir ynsanyň jan-saglygyny goramak, maşgala
abadançylygyny, çagalaryň bagtyýarlygyny üpjün etmek babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň çygrynda amala aşyrylýan bu çäre ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygy her bir ynsanyň
ýaşaýyş- durmuş terzi bilen berk baglanyşyklydyr. Biraýlyk çäresi häzirki wagtda welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde, oba ýerlerinde giň gerimde dowam edýär. Oňa çagalar bagyna gatnaýan körpelerden başlap, ýaşuly nesle çenli
hemmeler agzybirlikde, işjeň gatnaşýarlar. Biraýlyk bilen baglanyşykly wagyz- nesihat çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýol hereketiniň kadalaryny düşündirmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýle mazmundaky çäreler çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara- kärhanalarda yzygiderli geçirilýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available