Daşoguz+8°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Yhlasly zähmetiň guwandyryjy netijeleri

08.09.2025
1
Yhlasly zähmetiň guwandyryjy netijeleri

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bugdaý oragy döwründe Watan harmanyna galla tabşyrmak baradaky meýilnamany welaýatymyzda ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý edip, uly abraýa eýe bolan Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň ezber kärendeçileri şu ýylyň güýzki bugdaý ekiş möwsümine hem ykjam taýýarlyk gördüler. Şeýlelikde, olar hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen welaýatymyzda bugdaý ekişine dabaraly ýagdaýda badalga berilmeginiň yzysüre bu möhüm çärä agzybirlik bilen girişip, onuň depginini bada-bat ýokarlandyrdylar. 
— Geçen orak möwsüminde ýetilen belent sepgitler gallaçylarymyzy has-da gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrdy — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy, tejribeli oba hojalyk işgäri, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Ilmyrat Ýagşymyradow golaýda bu barada gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy: — Şunlukda, şu ýylyň güýzünde bugdaý ekilmegi göz öňünde tutulýan 480 gektar meýdanyň ählisinde sürüm, tekizleme işleri öz wagtynda amala aşyryldy. Bu bolsa ýerlerimizi suwdan gandyrmaga, olaryň talabalaýyk taba gelmegine şert döretdi. Şunuň netijesinde häzirki günlerde bugdaý ekişini öndürijilikli alyp barýarys. 
Belli bolşy ýaly, daýhan birleşiginde kärendeçileriň 210-sy galla hasylyny ýetişdirmek barada şertnama baglaşypdyr. Olaryň köpüsiniň bu babatda uly iş tejribeleriniň bolmagy her bir möwsümde öňegidişlikleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Häzirki dowam edýän bugdaý ekişinde-de munuň şeýle bolýandygyny aýtmak gerek. 
— Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bugdaýyň öndürilişini artdyrmak, ony ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýän gallaçy daýhanlar üçin ähli zerur şertleri döretmek babatdaky taýsyz tagallalary, çäksiz goldawlary biziň kärendeçilerimiziň hem göwünlerini galkyndyrýar — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy sözüniň ahyrynda aýratyn nygtady: — Şoňa görä-de, olaryň şu möwsümde-de ekişi öňdäkileriň hatarynda tamamlap, täze ýylyň bereketli hasylynyň düýbüni ykjam tutjakdyklaryna doly ynanýarys. Ynha, irki ekiş geçiren meýdanlarymyzda bugdaýlar kadaly gögerip, atyzlarymyza görk berip ugrady. Nesip bolsa, olaryň idegine hem aýratyn üns bereris. Bu hem kärendeçi daýhanlarymyzyň geljek ýylda has hem belent harmanlary döretmeklerini üpjün eder. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.