Daşoguz+8°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Milli demokratiýanyň kämillik ýoly

12.09.2025
1
Milli demokratiýanyň kämillik  ýoly

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň dürli ugurlarynda gazanylýan ösüşler we özgertmeler, ýetilýän belent sepgitler, ata Watanymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda günübirin bolup geçýän taryhy wakalar, buýsançly täzelikler halkymyzy döredijilikli işlemäge we hyjuwly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Nesip bolsa, ertir, ýagny 19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Onuň gün tertibinde garaljak derwaýys meseleler, olardan gelip çykýan wezipeler döwlet syýasatynyň ugurlaryny ilerletmekde, halk demokratiýasyny dabaralandyrmakda ýene-de bir möhüm ädime öwrüler. 
«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisleriniň taryhy çözgütleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, uzak möhletleýin maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Muny geçen ýyllaryň netijeleri hem doly açyp görkezýär. 
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda döwlet we halkara derejesinde geçirilýän çäreleriň ählisi hem mazmun taýdan çuňňur häsiýetlidir. Bu öňümizde duran umumymilli forum babatda hem hut şeýledir. Çünki her bir tutuma taryhy häsiýet bermek üçin köpüň pikirini diňlemek, ony ara alyp maslahatlaşmak ýaly asylly ýörelge öz ýokary netijesini berýär. Milletimiziň geçmişinden şu güne çenli öz gymmatyny ýitirmän gelen bu edähet häzirki taryhy döwrümizde has-da rowaçlanýar. 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlaryny parasatlylyk bilen durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýeneki döwletli tutumlaryna badalga berjek taryhy forum halk bilen döwletiň, döwrüň baky bitewüligini ýene bir gezek açyp görkezer. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.