Kalplary buýsançly bagtyýar iller

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işler, ýetilýän belent sepgitler täze taryhy döwrüň şan-şöhratyny dabaralandyrýar, ýurdumyzyň bedew batly ösüşini has-da ilerledýär. Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde Bitaraplyk şäherçesiniň we awtomobil köprüleriniň açylmagy şanly ýylyň möhüm wakalarynyň biri bolup, täze taryhy döwürde ýurt abadançylygy, il bagtyýarlygy ugrunda amala aşyrylýan işleriň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu waka welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynda uly ruhubelentlik döretdi.
Köneürgenç etrabynda Bitaraplyk şäherçesiniň we awtomobil köprüleriniň açylmagy mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçen hoşallyk maslahaty bagtyýar halkymyzyň ajaýyp döwrümize buýsanjynyň, baky bagtyýarlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza belent sarpasynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesiniň bagtyýar ýaşaýjylary, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, welaýatyň edara-kärhanalarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamynyň işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Dabaranyň başynda welaýat häkimi Döwletgeldi Babaýew çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, oba-şäherleri abadanlaşdyrmak babatda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygy hakynda nygtady. Bu hakykat mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylyp ulanmaga berlen täze Bitaraplyk şäherçesiniň mysalynda aýdyň şöhlelenýär.
Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjylary, il sylagly ýaşuly Halnazar Nurmuhammedowyň, mährem ene Nartäç Gurbanmädowanyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, welaýat köpugurly hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Ýeňiş Haýtjanowyň, şeýle hem Köneürgenç etrap bilim bölüminiň işgärler bölüminiň müdiri Aýgözel Gutlyýewanyň, Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Annatuwak Kakaýewanyň, Bitaraplyk şäherçesiniň ýaşaýjysy Maksat Begnazarowyň, Köneürgenç etrap hassahanasynyň lukmany Maýsa Saparowanyň, etrapdaky 16-njy orta mekdebiň mugallymy Oguljennet Begmyradowanyň, Görogly etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Sabyr Sabyrowyň çykyşlarynda täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ähli künjegindäki obalardyr şäherleriň binagärlik keşbiniň barha döwrebaplaşýandygy, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine kybap özgerýändigi hakynda buýsançly gürrüň edildi. Halkymyzyň milli toý däp-dessurlary, şowhunly aýdym-sazlar bilen açylyp ulanmaga berlen Bitaraplyk şäherçesinde ilatyň bagtyýar ýaşamagy üçin ähli döwrebap şertleriň döredilendigi hakynda aýdyldy.
Hoşallyk maslahatynyň dowamy edebi-sazly çykyşlar, şowhunly aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Soňra Bitaraplyk şäherçesiniň gurluşygynda tapawutlanan işgärlere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda dabara gatnaşyjylar tarapyndan hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available