
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikler, şertler döredilendir. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň hem ýaş, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmakda ähmiýeti örän uludyr. Golaýda bu bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolan ildeşimiz, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Laçyn Mätgeldiýewa bilen gürrüňdeş bolup, ýürek buýsanjyny paýlaşdyk.
— Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine, kämilleşmegine we dünýä ýüzüne ýaň salmagyna giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleri örän buýsandyryjydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýeti we sungaty ösdürmäge goşant goşjak ýaş zehinleri ýüze çykarmak bäsleşikleri geçirmek bilen utgaşykly alnyp barylmalydyr» diýip jaýdar belleýär.
Halkymyzyň bagşyçylyk sungatynyň häzirki ajaýyp döwrümizde ösdürilmegi, giňden wagyz edilmegi pederlerimizden dowam edip gelýän milli aýdym-saz sungatymyza, bagşy-sazandalarymyza goýulýan uly hormat-sarpadan nyşandyr. Baky, Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem meniň durmuşymda iň bir ýatda galyjy ýyllaryň biri boldy, «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolmagym täze üstünliklere ruhlandyrdy. Men bu bäsleşikde «Zöhre-Tahyr» dessanyndan «Aý indi» aýdymy ýerine ýetirdim. Şonda tomaşaçylaryň uly goldawyna mynasyp boldum. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýynyň gowşurylmagy, meniň sungata hormatymy has-da artdyrdy. Türkmeniň bagşyçylyk sungaty, dutar-gyjagy maşgalamyzda naýbaşy mukaddeslikler hasaplanylýar. Halkyň arasynda maşgalamyz sungat maşgalasy hökmünde giňden tanalýar. Atam Türkmenistanyň halk bagşysy Bally Mätgeldiýew, dädem Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Öregeldi Mätgeldiýew meniň halypalarym, dutarda aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny öwretdiler. Gözümi açyp gören-eşidenim dutar-gyjak bolansoň, ýaşlygymdan «Sandyk», «Ýaşylbaş» ýaly türkmen halk aýdymlaryny aýdyp ugradym.Atam dutarda sazyny çalyp, maňa aýdym aýtdyrardy. Şonda onuň «Tüweleme, ötgür sesiň bar, bagşy bolarsyň, gyzym!» diýen sözleri bagşyçylyk sungatyna bolan yhlasymy, höwesimi has-da artdyrýardy. Bu günki gün atamyň ynamyny, arzuwyny ödeýändigim üçin özümi diýseň bagtly duýýaryn. Men 2006-njy ýylda, heniz 12 ýaşly okuwçykam etrabymyzdaky çagalar sungat mekdebine bagşyçylyk hünäri boýunça okuwa gatnap başladym. Bu ýerde «Görogly» şadessanynyň «Bezirgen», «Öwez getiren» şahalaryny öwrendim. Dädem bu mekdepde hem mugallymym hem-de halypam boldy. Ozal atam bagşyçylygyň kän syrlaryny öwredensoň, maňa bu ýerde okamak, öwrenmek kyn düşmedi. Soňra hem häzirki zähmet çekip ýören M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebine okuwa girdim. Bu ýerde mugallymym Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Söýün Amanowyň halypalyk etmeginde bagşyçylyk sungaty babatda düşünjäm, gözýetimim has-da giňedi. Soňra Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okuwymy dowam etdirdim. Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarowdan tälim aldym. Kerwen halypa maňa birnäçe halk aýdymlaryny öwretdi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan halypa-şägirtlik ýoly biz, ýaşlaryň kämilleşmegimizde, döretmegimizde uly mekdep.
Bagtyýar maşgalamyz bar, ýanýoldaşym Begenç Urpekow M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde dutar mugallymy hem-de dutarçylar ansamblynyň ýolbaşçysy. Çagalar bakja-bagyna gatnaýan oguljygymyz Kemal, gyzjagazymyz Kümüş hem hemişe eli dutarly dädesiniň ýanyndadyr.
Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde beýik işleri amala aşyrýan Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin, menzillere uzasyn!
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available