
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýygym möwsümine ýokary ruhubelentlik bilen girişen welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlary, olara dürli ugurlar boýunça ýardam berýän edara-kärhanalaryň işgärleri giň meýdanlarda kemala getirilen bereketli hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak ugrundaky aladalary barha giňden ýaýbaňlandyrýarlar. Mälim bolşy ýaly, şu möwsümde jemi 140 müň gektarda bu işi amala aşyrmak wezipesi durýar. Şoňa görä-de, zähmetsöýer pagtaçylar häzirki günleriň amatly pursatlaryndan ýerlikli peýdalanyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu hem pagta harmanlarynyň günsaýyn belende galmagyna ýardam berýär.
Bu babatda aýdylanda, Akdepe etrabynda hem giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek bolar. Munuň şeýledigini etrabyň Rejepguly Ataýew adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçylarynyň alyp barýan işleri-de aýdyň tassyklaýar. Bu daýhan birleşiginiň agzalary şu ýyl 1,5 müň gektar meýdanda bol hasyl ýetişdirip, ony ýygnamaklyga öňdäkileriň hatarynda girişdiler. Şonda bu ugurda iş alyp barýan 760-dan gowrak kärendeçiniň ählisi ilkinji günlerden ýygymyň depginini ýokarlandyrdylar. Olaryň hatarynda Guwanç Nuryýew, Ogulnabat Meredalyýewa, Umyt Meredow we beýlekiler bar. Şeýlelikde, birleşigiň pagtaçy daýhanlarynyň şan-şöhrata beslenýän ýylda uly üstünliklere eýe boljakdyklaryna ynam döredýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available