
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Garaşsyzlyk – döwletlilik, agzybirlik, milli jebislik ýörelgesine daýanan merdana halkymyzyň çüwen ykbaly, millet hökmündäki abraý-mertebesiniň dabaralanmasydyr. Garaşsyzlyk bilen galkynan ata Watanymyzyň baş baýramy mynasybetli geçirilen dabaralarda pederlerimiziň döwletlilik ýörelgeleri aýdyň şöhlelenip, güneşli Diýarymyzyň ähli künjegini baýramçylyk ruhubelentligi bilen gurşap aldy.
26-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda medeniýet we sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Bu ýerde ýaňlanan şowhunly aýdym-sazlarda, edebi-sazly çykyşlarda Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary bilen ata Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeleriň, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan ösüşleriň waspy ýetirildi.
27-nji sentýabrda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy güneşli Diýarymyzda uly ruhubelentlik, şatlyk-şowhun bilen bellenildi. Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabaralar ata Watanymyzyň ykdysady-syýasy berkararlygyny, döwlet binýadynyň mizemezligini alamatlandyrdy. Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň abadan, parahat durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran merdana harby gullukçylaryň ýokary hünär ussatlygy, ukyp-başarnyklary baýramçylyk mynasybetli guralan dabaraly harby ýörişde aýdyň şöhlelendi.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Zaman atly akýal mele reňkli ajaýyp bedew sowgat berildi.
Soňra ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de BMG-niň baýdagy buýsançly parlaýan türkmen çapyksuwarlarynyň ýörişi başlandy. Bu ajaýyp görnüş Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz Türkmenistanyň umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirmek, dünýäde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek ugrunda abraýly halkara guramalar hem-de dost-doganlyk döwletler bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny alamatlandyrdy.
Soňra dabara Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişi bilen dowam etdi. Meýdançadan geçýän milli nyşanlar bilen bezelen awtoulag platformalarynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda amala aşyrylan işleriň netijesinde gazanylan ösüşler, ýetilen belent sepgitler öz beýanyny tapdy. Aşgabat, Arkadag şäherleriniň hem-de ýurdumyzyň bäş welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşini, şähergurluşyk taýdan döwrebap özgerişini we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny şöhlelendirýän awtoulag platformalary täze taryhy döwürde döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen baş şygarlardan ugur alynýandygyny äşgär etdi. Suratly pannolarda dünýä belli taryhy binagärlik ýadygärlikleri, häzirki döwrüň iri desgalary, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde ýerleşýän binalaryň şekilleri görkezildi. Welaýatlaryň döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda milli däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygy şöhlelendi.
Joşgunly aýdym-sazlar, asmana uçurylýan reňbe-reň şarlar dabaraly baýramçylyk ýörişine gatnaşýan il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, dürli ugurlarda zähmet çekýän bagtyýar raýatlaryň, ýaşlaryň we çagalaryň baýramçylyk ruhuny belende göterip, täze taryhy döwrüň halkymyza eçilýän ruhy joşgunyny, bagtyýarlygyny alamatlandyrdy.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada konsert geçirildi. Onda ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlary we ýaş ýerine ýetirijiler, folklor-tans toparlary şowhunly aýdym-sazlar bilen dabara gatnaşýan bagtyýar ildeşlerimize ruhy lezzet paýladylar.
Aşgabadyň gijeki asmanyna özboluşly bezeg beren baýramçylyk feýerwerki baýramçylyk dabarasynyň jemlenmesine öwrüldi.
28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň baş baýramyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergisinde hem täze taryhy döwürde durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli ägirt uly işleriň aýdyň netijesi, gazanylýan ösüşler şöhlelendi. Sergide suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň we nakgaşlaryň ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendirýän işleri, milli amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna hem giň orun berildi. Soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berildi. Dürli aralyga geçirilen çapyşyklar baýramçylyk dabarasyna şowhun bagyşlady. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen at çapyşygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilen at çapyşygynyň jemleýji, ýedinji çapyşygynda dört we uly ýaşar atlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda ýaryşyp, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeginde uly şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslendi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available