Daşoguz+5°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Işjeňligiň hem zehiniň sazlaşygy

30.09.2025
2
Işjeňligiň hem zehiniň sazlaşygy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 hem-de milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde Watanymyzyň ykdysady ösüşleriniň ilerlemegine, ýurdumyzyň maliýe taýdan durnukly bolmagyna uly goşant goşýan, Türkmenistanyň bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda yglan eden «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. 
«Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde guralan bäsleşigiň bu tapgyryna bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň 6-sy gatnaşdy. Bäsdeş gyz-gelinler bäsleşigiň «Hünärim bar — hormatym bar» atly şertinde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen kabul edilen «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» ýokary hilli amala aşyrylmagy bilen, bank ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler hem-de şu günki günde alnyp barylýan işler barada uly buýsanç bilen gürrüň berdiler. Ikinji şertde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hem-de bank ulgamynyň gazanan ösüşlerini şu günüň mysalynda dabaraly aýdymyň, dessanyň, goşgynyň üsti bilen çeper hem şowhunly wasp etdiler. «Türkmen halkynyň myhmansöýer saçagy» atly şertinde Gahryman Arkadagymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitaby esasynda toý saçagyny bezäp, ondaky tagamlaryň taýýarlanyşyny çeper beýan edip, öz ukyplaryny açyp görkezdiler. Bäsleşik örän şowhunly, baý many-mazmunly geçdi. Ol bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň döwre gatnaşygyny doly açyp görkezdi. Bäsleşikde has erjel çykyş edip, Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» PTB-niň welaýat şahamçasynyň işgärler bilen işlemek boýunça baş hünärmeni Selbi Hojakowa 1-nji orna, Türkmenistanyň «Türkmenistan» DTB-niň welaýat şahamçasynyň dolanyşyk kassa amallary bölüminiň kassiri Şirinjemal Taýmazowa 2-nji orna, Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB-niň welaýat şahamçasynyň karzlaşdyryş bölüminiň baş hünärmeni Merjen Ballyýewa 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşikde 1-2-nji orunlary eýelän zenanlar onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. 
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara Hormat hatlary, sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Welaýatyň zenan bagşylarynyň aýdym-sazly çykyşlary, owadan tanslar dabaraly pursatlaryň şowhunyny has-da artdyrdy. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.