Daşoguz+28°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Telekeçilere döwrebap hyzmatlar ýola goýulýar

28.02.2025
Telekeçilere döwrebap hyzmatlar ýola goýulýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk böleginiň has-da ösdürilmegi barada uly alada edilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» çäklerinde jemi içerki önümiň ösüşinde onuň paýynyň 71,6 göterime ýetirilmeginiň bellenilmegi muny doly tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemlerine we şu ýyl öňde goýulýan wezipelere bagyşlanylan giňişleýin mejlisinde hem bu barada aýdylyp, şol ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan hususy ulgama, kiçi we orta telekeçilige banklar tarapyndan berlen maliýe goldawlarynyň has-da artandygy nygtaldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň bu möhüm pudagy ösdürmek, onda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek babatdaky tagallalarynyň häzirki döwürde has hem rowaçlandyrylýandygyna şaýatlyk edýär.
Bu barada gürrüň edilende, Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz aladalary bilen 2009-njy ýylda «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Kiçi we orta telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakynda», 2018-nji ýylda «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» Kararlarynyň kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir. Olaryň doly ýerine ýetirilmegi ugrunda ýurdumyzyň beýleki maliýe-bank edaralary bilen birlikde, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, şol sanda onuň welaýatymyzda hereket edýän «Rysgally Daşoguz» şahamçasynyň hünärmenleriniň hem degerli işleri alyp barýandyklaryny aýtmak bolar.
Häzirki wagtda bu şahamçanyň hyzmatyndan welaýatymyzyň dürli ýerlerinde iş alyp barýan hususy kärhanalaryň 575-si, ýekebara telekeçileriň 3299 sanysy peýdalanýar. Olar, esasan, gurluşyk, oba hojalyk pudaklarynda, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekde, söwdada we beýleki ugurlarda degişli taslamalary durmuşa geçirmek, hyzmatlary guramak boýunça göz öňünde tutulýan çäreleri durmuşa geçirýärler. Şeýlelikde, bu hususy kärhanalaryň, telekeçileriň welaýatymyzyň çäklerinde ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerine, dürli görnüşli oba hojalyk önümlerini öndürip, bazar bolçulygynyň döredilmegine uly goşant goşýandyklary örän guwandyryjydyr. 
Belli bolşy ýaly, ýokarda agzalan resminamalarda hususy ulgamda senagat önümçiligini ösdürmek, onuň mümkinçiliklerini giňeltmek, önümçilik desgalaryny gurmak, olaryň durkuny täzelemek, gaýtadan enjamlaşdyrmak, oba hojalyk tehnikalaryny, olaryň iş gurallaryny satyn almak, maldarçylyk, guşçulyk pudaklarynda taslamalary amala aşyrmak we beýleki ugurlar boýunça derwaýys maliýe goldawlarynyň edilmegi barada aýdylýar. Şonda telekeçilere we edara görnüşli hususy taraplara, oba hojalyk önümlerini öndürijilere uzak möhletleýin, ýeňillikli karzlary bermek bellenilýär. Bu bank şahamçasy hem häzirki döwürde şeýle çäreleri amala aşyrmak bilen, ýokarda bellenilişi ýaly, möhüm pudaklaryň ösüşine uly ýardam berýär.
Şonuň ýaly-da soňky ýyllarda bu ýerde müşderiler bilen işleşmegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak babatda hem meýilnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Munda esasy orun hyzmatlaryň daş aralykdan, ýagny internet ulgamynyň üsti bilen ýerine ýetirilmeginiň ýola goýulmagyna degişlidir. Çünki ol müşderileriň özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça banka barmak zerurlygyny aradan aýyrýar. Şeýle döwrebap, ykjam hyzmatlaryň guralmagy işiň öňe gitmegine, müşderileriň sanynyň artmagyna şert döredýär.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy
 

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.