Ynsanperwer ýörelge

Täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgelerimiz mynasyp derejede dowam etdirilýär. Ony bagtyýar adamlaryň durmuşyndan, döwletimiziň gülläp ösüşlerinden aýdyň görmek, duýmak bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çözgüdine laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly toparyna raýatlyk pasportlarynyň, Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamalaryň gowşurylmagy hem milletimiziň dosty dogan saýmak, oňa doganlyk goluny uzatmak ýaly aňyrdan gelýän iň asylly hem haýyrly işleriniň bu günki gün giňden dabaralandyrylýandygyny açyp görkezýär.
Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen dabara hem köp sanly adamlaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň uludan bellenilýän şanly toýunyň öňüsyrasynda geçirilen bu dabara türkmeniň milli häsiýetleriniň ynsanperwerlikli hem ýokary adamkärçilikli taraplaryny doly açyp görkezdi. Daşoguz şäheri boýunça daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasyna welaýat Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.
Dabara mynasybetli il sylagly ýaşuly Ýolly Güýjow, mährem ene Ogulboldy Amanýazowa, TDMG-niň welaýat boýunça müdirliginiň umumy bölüminiň müdiri, maýor Serdar Annageldiýew, TAP-nyň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy Jennet Saparowa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy Sabyrgeldi Begow, ýurdumyzda ýaşamaga ygtyýarnama alýan adamlar Yslambek Matkarimow, Jeren Halbaýewa dagy çykyş edip, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Soňra daşary ýurt raýatlarynyň uly toparyna Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Parahat hem asuda ýurdumyzda bagtyýar ýaşamak mümkinçiligine eýe bolan adamlaryň her biri ygtyýarnamany maňlaýyna sylyp, çyn ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler. Şeýle ynsanperwer işleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar.
Şäher medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň baýramçylyk çykyşlary joşgunly kalplara ruhubelentlik paýlady.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
