Daşoguz+5°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Hasyl ussady bilen duşuşyk

02.10.2025
2
Hasyl ussady bilen duşuşyk

Golaýda TAP-nyň welaýat komitetiniň Türkmen oba hojalyk instituty bilen bilelikde guramagynda şu institutyň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň welaýatymyzyň Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Kamil Rozmetow bilen duşuşygy boldy. 
Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly baýramynyň öň ýanynda «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen belent ada mynasyp bolan Kamil Rozmetow öz durmuş hem-de zähmet ýoly, ýolbaşçylyk edýän paýdarlar jemgyýetinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda alnyp barylýan işler, gazanylýan üstünlikler hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Ol hemaýat-goldawlary, öz zähmetine beren şeýle ýokary bahasy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdyp, hormatly Prezidentimiziň  janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdi. 
Duşuşygyň dowamynda institutyň talyplary Kamil Rozmetow bilen özlerini gyzyklandyrýan ugurlar boýunça sowal-jogap alyşdylar. Şeýlelikde, bu duşuşyk oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.