
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesiniň Medeniýet öýünde «Halk maslahaty — pederlerimiziň köpasyrlyk däpleriniň dowamaty» diýen at bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Köneürgenç etrap häkimliginiň jogapkär hünärmenleri, etrabyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, saglyk, medeniýet we beýleki pudaklarda zähmet çekýän hünärmenler, il sylagly ýaşulular we mährem eneler gatnaşdylar.
Milli Liderimiz Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarda gazanylan üstünlikleriň berk binýadyny kemala getirdi. Bu günki gün şeýle beýik ösüşler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz durmuş-ykdysady we medeni taýdan çalt depginlerde ösýär, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli tutumly işler rowaçlanýar. Mähriban Watanymyzyň bu günki ýeten derejesi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlary bilen berk baglanyşyklydyr. Dabaraly maslahatda şeýle mazmundaky çykyşlara uly orun berildi. Çykyş edenler altyn güýzüň toýly günlerinde ýatdan çykmajak taryhy waka öwrülen bu döwletli maslahatda seredilen meselelerde ýurdumyzyň geljekki ösüşleri bilen bagly täze teklipleri öňe sürlendigi, syýasy-ykdysady ösüşlere baha berlendigi, öňde duran möhüm wezipeleriň kesgitlenendigi, şeýle hem mejlisde kabul edilen il-ýurt bähbitli kararlar we taryhy çözgütler barada hem-de welaýatlarda çäk dolanyşygyny kämilleşdirmek dogrusynda gürrüň etdiler.
Maslahatyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Köneürgenç etrap Medeniýet öýüniň aýdymçylarynyň we tansçylarynyň ýerine ýetiren ajaýyp çykyşlary çärä özboluşly öwüşgin berdi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available