
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe welaýatymyzyň dürli künjeklerinde mal idedip, ondan bol önüm öndürip, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolan maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny köpelmek, önümliligini ýokarlandyrmak barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegine saldamly goşant goşýan kärendeçi, telekeçi maldarlar az däl. Olaryň ýylyň dowamynda çekýän yhlasly zähmetleriniň netijesinde halkymyzyň maldarçylyk önümlerine bolan islegleriniň ýeterlik derejede kanagatlandyrylmagy üpjün edilýär.
Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçi maldary Annamyrat Bekiýew hem şeýle başarjaň maldarlaryň hatarynda tanalýar. Ol indi 30 ýyla golaý wagt bäri bu iş bilen meşgullanyp, guwandyryjy üstünliklere eýe bolup gelýär. Häzirki dowam edýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da onuň bu babatdaky gadamlarynyň ýokarydygyny aýtmak bolar.
Ýeri gelende nygtasak, Annamyrat Bekiýew gazanýan şeýle guwandyryjy netijeleri üçin ýakynda ata Watanymyzda giňden bellenilip geçilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, ildeşlerimiziň bir toparynyň hatarynda, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp boldy. Munuň özi bu janypkeş maldaryň öz işine bolan yhlas-höwesini has-da artdyryp, ony täze üstünliklere ruhlandyrdy. Bu barada ol golaýda iş üstünde gürrüňdeş bolanymyzda uly höwes bilen aýdyp, öz guwanç-buýsanjyny beýan etdi.
Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Annamyradyň maldarçylyk pudagynda uly tejribesi bar. Ol şol döwürde bu ugurda ençeme ýyllaryň dowamynda göreldeli zähmet çeken dädesi Çary Bekiýewiň kärine höwes edip, onuň başlan işini alyp göteripdi. Şondan bäri hem ol mal idetmegiň ýol-ýodalaryny içgin ele alyp, öz işini üstünlikli dowam etdirýär.
Häzirki wagtda bu ezber kärendeçi maldaryň garamagynda iri şahly mallaryň 60-a golaýy bolup, olaryň 20-den gowragy sagylýan sygyrlardyr. Şeýlelikde, bu ýerde gündelik esli mukdarda süýt öndürilip, bellenilen ýerlere ýetirilýär. Munda mallaryň ýokumly ot-iýmler bilen ýeterlik üpjün edilmeginiň uly ähmiýeti bolýar.
— Mallarymyzyň talabalaýyk iýmitlendirilip, bol önüm bermegi, esasan, ot-iým bilen üpjünçilige bagly bolýar — diýip, Annamyrat gürrüňiniň dowamynda aýtdy: — Şonuň üçin hem özümize bölünip berlen 50 gektara golaý meýdana dürli görnüşli ot-iýmlik ekinleri ekip, olardan mekgejöwen, jöwen palajyny, ýorunja bedesini ýygnaýarys. Mundan başga-da, şu ýyl 10 gektar meýdana eken bugdaýymyzyň samanyny öz wagtynda ýygnap, bellenilen ýerde basyp goýduk. Şu günlerde 10 gektar meýdandaky pagta hasylyny ýygnaýarys. Ýerler hasyldan boşansoň, gowaça çöpüni hem ýygnap, ot-iým ätiýaçlygyny has-da artdyrarys. Elbetde, şu wagta çenli iri baldakly otlary ýygnamaklyga hem aýratyn üns berendigimizi aýtmak gerek. Umuman, gyş döwründe mallaryň gurat hem-de bol önümli bolmagynyň häzirki wagtdaky taýýarlygymyza köp derejede baglydygyna oňat düşünýäris.
Annamyrat sözüniň barşynda mallaryň göwnejaý idedilmeginde, olardan bol önüm alynmagynda kömekçileriniň hem uly goşantlarynyň bardygyny guwanç bilen belledi. Çünki bu ýerde zähmet çekýän ýigitler, gelin-gyzlar mallary wagtly-wagtynda iýmitlendirmekde, sagmakda, saglan süýdi şertnama baglaşylan ýerlere daşamakda diýseň ezberlik görkezýärler. Olaryň ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmek, meýdan otlaryny ýygnamak babatdaky kömekleri-de önjeýli bolýar.
— Hormatly Prezidentimiziň maldarlaryň öňünde goýýan wezipeleri, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine berýän goldawlary bizi has-da gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyryp, joşgunymyzy artdyrýar — diýip, Annamyrat Bekiýew ýene-de bir sapar nygtamak bilen, sözüniň üstüni ýetirdi: — Häzirki döwürde halkymyzyň maldarçylyk önümleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmaklyga döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde olary öndürýän, gaýtadan işleýän maldar kärendeçileriň, telekeçilik kärhanalarynyň sany artýar. Biz hem olaryň alyp barýan haýyrly işlerine mundan beýläk-de agzybirlik bilen goşulyp, bildirilýän ynamy doly ödemäge çalşarys. Bu bolsa döwletimiziň möhüm pudagyň hem ýokary derejelere göterilmegine öz goşandymyzy goşdugymyz bolar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available