Daşoguz+5°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

10.10.2025
2
Bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

Ýurdumyzda adamlaryň her biriniň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi, halkymyzyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek babatda döwletimiziň alyp barýan ajaýyp işleriniň esasynda durmuşa ornaşdyrylýar. Sagdynlyk bagtyýarlykdyr. Bagtyýarlyk bolsa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus häsiýet. Bagtyýar raýatlary bolan ýurtda şadyýanlyk we ýokary ruhubelentlik höküm sürýär. Munuň üçin, adamlaryň sagdyn we kämil ruhly bolmagy iňňän möhümdir. Halkymyzyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine 30 ýyl doldy. Bu maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, lukmançylyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ilata hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Halkymyzyň bagtyýar, abadan we sagdyn ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler bolsa, şeýle asylly maksatlara ýetmekde netijeli ädim bolup durýar. Bu babatda saglygy goraýyş ulgamyna hem möhüm orun degişlidir. Bu ulgamda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän saglygy goraýyş maksatly binalar hut şu asylly maksatlary durmuşa geçirmegiň aýdyň beýanydyr. 
Golaýda welaýatymyzyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde açylan täze, döwrebap şäherçäniň çäginde gurlup ulanmaga berlen desgalaryň arasynda saglyk öýüniň bolmagy, ýurdumyzda adam we onuň saglygy hakyndaky aladanyň ilkinji nobatda ileri tutulýandygynyň aýdyň güwäsidir. Saglyk öýünde hirurg, stomatolog, EKG, fiziobejergi, sargy, sanjym hem-de maşgala lukmanlarynyň otaglary ýerleşdirilen. Bu saglyk öýi keselleri irki döwürde takyk anyklamaga we olaryň öňüni almaga ýardam edýän öňdebaryjy innowasion tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. 
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda açylan döwrebap şäherçe welaýatymyzyň halkyna baýramçylyk sowgady boldy. 
Sahawatly işleriň şaýady bolanyňda döwletimizde adam hakyndaky aladanyň iňňän ýokary derejede durýandygyna buýsanjyň has-da artýar. Döwrüň rahat we bolelin gurşawynda ýokary ruhubelentlikde zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.