Daşoguz+1°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Milletiň saglygy — ýurdumyzyň rowaçlygynyň girewi

13.10.2025
2
Milletiň saglygy — ýurdumyzyň rowaçlygynyň girewi

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň bellenilen güni Daşoguz şäheriniň binagärlik aýratynlygyna bezeg berjek, eneleriň hem-de geljegimiz bolan körpe nesliň saglygyny goramaga giň mümkinçilikleri döretjek ýene bir binanyň — Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy. Oňa welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, edara-kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. 
Dabarada hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy oňa gatnaşanlaryň şatlygyny artdyrdy. Dabarada çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda we gatnaşmagynda işlenip taýýarlanylan we üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllyk senesiniň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalara beslenýän günlerinde welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýän düzümleriniň üstüni ýetirjek 400 orunlyk bu merkeziň düýbüniň tutulmagy welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynda uly ruhubelentlik döredip, olaryň «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähime eýerip, bu ugurda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize bolan guwanjyny, mähriban Watanymyza buýsanjyny artdyrdy. Bellenilen pursadyň gelip ýetmegi bilen, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda merkeziň düýbi tutuldy. Dabaranyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna utgaşdy. Iş orunlarynyň köp sanlysynyň döremegini üpjün etjek täze merkezde maslahat beriş, keselleri irki möhletlerde anyklaýyş, olaryň öňüni alyş we bejeriş bölümleriniň birnäçesi bolar, olaryň dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen iň kämil, öňdebaryjy innowasion lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagynyň göz öňünde tutulmagy lukmanlara ilatyň saglygyny goramak babatdaky işleri ýokary derejede ýola goýmaga mümkinçilik berer. Merdana hem agzybir halkymyzyň, hususan-da, ýaş nesliň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli beýik işlerinde hemişe rowaçlyk arzuw edýäris.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.