Daşoguz+5°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Berkararlygyň şuglasy

14.10.2025
2
Berkararlygyň şuglasy

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli, welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa welaýatymyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenden bäri geçen döwürde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda, şol sanda welaýatymyzda uly işler amala aşyryldy. Olaryň netijesinde halkymyzyň saglygyny goramaklyga niýetlenilen hassahanalaryň, saglyk öýleriniň köp sanlysy gurlup ulanmaga tabşyryldy. Welaýat merkezinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygyna badalga berilmegi-de şeýle haýyrly işleriň biri boldy. Bu uly waka hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramaklyga aýratyn üns berýändiginiň nyşanydyr. Çykyş edenler şeýle il-ýurt bähbitli işler barada buýsanç bilen nygtap, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Maslahatyň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlar onuň dabarasyny artdyryp, ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.