Parahatçylygyň we gülläp ösüşiň nusgalyk ýoly

«Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasaty — parahatçylygyň, asudalygyň we gülläp ösüşiň nusgalyk ýoly» atly şygar bilen Daşoguz şäher häkimliginiň hem-de TDP-niň welaýat we şäher komitetleriniň bilelikde guramaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata Mejlisiň deputatlary, halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly hem ýaş nesliň wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, mährem ene Ogulboldy Amanýazowa, Mejlisiň deputaty Ýeňiş Haýtjanow, şäher halk maslahatynyň başlygy Allanazar Garajanow, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Ejebaý Akmädowa, TOHI-niň mugallymy Şatlyk Hudaýberdiýew dagy çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ugurlary boýunça gazanylýan üstünlikler dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň taryhy wakalarynyň hataryny artdyrýan tutumlaryň, halkymyzyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurtlara amala aşyrýan iş saparlarynyň, olarda gazanylýan ylalaşyklaryň, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalarynyň ähmiýeti dogrusynda nygtaldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň şu şanly ýylda durmuşa geçirilýän işleriň ählisiniň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň parahat we abadan durmuşyna, ýurtlaryň gülläp ösüşine gönükdirilýändigi, şeýle döwletli tutumlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, örän oýlanyşykly syýasy başlangyçlarynyň möhüm orun eýeleýändigi barada buýsançly söhbet edildi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
