© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Halkara zenanlar güni mynasybetli, welaýat häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Parahat ýaşaýşyň bezegi siz, zenanlar!» atly şygar bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän binasynda guralan baýramçylyk çäresine welaýatyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşdylar.
Giňden ýazylan baýramçylyk saçagynyň töwereginde döwre gurap oturan zenanlaryň ýüzlerindäki şatlyk hem buýsanç alamatlarynda taryhy döwrümize, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri hakdaky tükeniksiz aladalaryna alkyş hem hoşallyk duýgulary möwç urýardy. Zenanlaryň ruhy joşguny baýramçylyk mynasybetli taýýarlanan çykyşlaryň lezzeti bilen sazlaşyp, özboluşly ajaýyplygy döretdi. Tanymal aýdymçylaryň, ýaş ýerine ýetirijileriň, tans toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda eneleriň beýikliginiň, zenanlar bilen tebigatyň sazlaşygynyň waspy belentden ýaňlandy. Baý mazmunly çykyşlar zenanlara aýratyn hormatyň alamatyna öwrüldi. Ruhy galkynyşa beslenen pursatlar mährem zenanlary mundan beýläk hem has tutanýerli zähmet çekmäge, belent maksatlaryň ýoly bilen öňe gitmäge ruhlandyrdy.
Dabaranyň dowamynda zenanlara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Ähli aýdymçylaryň we tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren «Gahryman Serdarly bagtly zenanlar» atly ajaýyp aýdym dabaranyň jemlemesine öwrüldi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy