Daşoguz+5°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär

16.10.2025
2
Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň güýz pasly zähmet üstünliklerine beslenýär. Gazanýan ajaýyp netijelerine guwanýan pagtaçy daýhanlarymyz uzak wagtyň dowamynda der döküp ýetişdiren pagta hasylyny gysga wagtyň içinde ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak üçin gujur-gaýratlaryny gaýgyrman, ähli derwaýys işleri ýokary depginde amala aşyrýarlar. Olaryň armasyny ýetirmek, işe bolan höweslerini artdyrmak ugrunda dürli medeni çäreler hem yzygiderli guralýar. Şeýle medeni çäreleriň biri Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň pagta meýdanynda guraldy. Etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda kärendeçi pagtaçylaryň, mehanizatorlaryň ençemesiniň gatnaşmagynda günorta arakesme wagtynda geçirilen bu çärede etrabyň medeniýet we sungat ussatlary, ýaş zehinli ýerine ýetirijiler şowhunly aýdym-sazly çykyşlary, folklor topary joşgunly tanslary ýerine ýetirip, zähmetsöýer babadaýhanlaryň alkyşyna mynasyp boldular. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýiti paýhasyndan dörän gymmatly eserleriň, ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlarynyň kitaplarynyň sergisi guraldy. Şunlukda, medeni çäre pagta ýygymy möwsümini üstünlikli geçirip, bellenen sepgitlere abraý bilen ýetilmegine mynasyp goşant goşmagy maksat edinýän janypkeş daýhanlary has-da yhlasly, öndürijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Dabarada öňdebaryjy kärendeçilere, kombaýnçylara, mehanizatorlara hem-de sürüjilere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.