Dialog — parahatçylygyň kepili

Şeýle şygar bilen, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramagynda, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara amala aşyrýan iş saparlarynyň möhüm ähmiýetini wagyz etmek we hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen maslahat geçirildi. TKA-nyň welaýat birleşmesiniň uly mejlisler zalynda geçirilen maslahata birleşmäniň jogapkär işgärleri, KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Aşyrdurdy Allaýew, pudaklaýyn utgaşdyryjysy Jumagül Hojaýewa, Mejlisiň deputaty Ýeňiş Haýtjanow, welaýat döwlet arhiwiniň hünärmeni Çynar Aşyrowa, Daşoguz şäher ýylylyk müdirliginiň hünärmeni Çemen Myradowa, welaýat Awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň arhiwçisi Soltan Töräýewa, agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Gülruh Haljanowa dagy çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak bilen bagly başlangyçlary, teklipleri, bu ugurda durmuşa geçirýän beýik işleri dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň etdiler.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
