
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Türkmenistanyň maýyplarynyň merkezi bedenterbiýe-sport klubunyň guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Seýrana» myhmanhanasynda görüş taýdan şikesli türgenleriň arasynda küşt we şaşka boýunça Türkmenistanyň şahsy çempionaty hem-de toparlaryň arasynda Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Onda ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden gelen güýçli türgenler özara bäsleşdiler. Şunlukda, Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubynyň şaşkaçylar topary ikinji, küştçüler topary üçünji orunlary eýelediler. Türkmenistanyň şahsy çempionatynda erkek türgenleriň arasynda şaşka boýunça welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň okuwçysy Allanur Ahmedow ikinji orna mynasyp boldy. Zenanlaryň arasynda şaşka boýunça şol toplumyň okuwçysy Aýnur Kakajanowa, küşt boýunça welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubynyň türgeni Mahym Taganowa üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň çempiony boldular. Ýaryşda ýeňiş gazanan türgenler Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanyldy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available