
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny we döwletli işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz aladalary bilen ýurdumyzda il bähbitli işler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini ata Watanymyzyň çar künjeginde bina edilýän täze şäherlerdir şäherçeler, obalar, gurlup ulanmaga berilýän önümçilik desgalary, ýaşaýyş jaýlary hem aýdyň subut edýär. Munuň mysalynda Köneürgenç etrabynda bina edilen döwrebap Bitaraplyk şäherçesinde birnäçe önümçilik kärhanalarynyň hatarynda telekeçi Azat Pälwanowyň eýeçiligindäki kömelek ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhananyň hem gurlup ulanmaga berlendigini aýtmak bolar. Ýyladyşhananyň işe girizilmegi ilaty arassa ter kömelekler bilen üpjün etmäge, şonuň ýaly-da birnäçe iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berdi. Ýyladyşhanada işçi-hünärmenleriň esasy bölegini ýaşlaryň düzýändigini bellemeli. Ýyladyşhana ýarym gektardan gowrak meýdany tutýar. Onda 8 sany kömelek ösdürilip ýetişdirilýän otaglar we beýleki goşmaça jaýlar bolup, olarda döwrebap enjamlar, sowadyjylar oturdylan. Ýyladyşhananyň işleri sanly tehnologiýalar arkaly dolandyrylýar.
— Döwrebap ýyladyşhanamyz hormatly Prezidentimiziň sahawaty bilen gurlup ulanmaga berildi. Bu bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini ýene bir ýola tassyklaýar. Ýyladyşhana täze işe girizilendigine garamazdan, zähmet çekýän 10-a golaý işçi-hünärmenleriň tagallalary bilen işler sazlaşykly guralýar. Bu ýerde kömelekler 28 günde ösüp ýetişýärler. Otaglar belli bir ýylylykda, çyglylykda saklanylýar. Kömelek düwünçekleri organiki we mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär we yzgarlanylýar. Önümçilik otaglarynda agronomçylyk usullary kadaly berjaý edilýär. Şonuň netijesinde kömelek hasylynyň günde 50 — 60 kilogramy ýygnalýar. Ekologiýa taýdan arassalygy, ýokumlylygy bilen tapawutlanýan weşenka kömelekleriniň gündelik ýygnalýan hasyly welaýatymyzyň sarp edijilerine terligi bilen ugradylýar. Alyjylaryň ösen islegleri içgin öwrenilip, kömelek hasylynyň belli bir möçberini aýna gaplara gaplanan görnüşde taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýörite otaglarymyz bar. Geljekde ýetişdirilen kömelek önümlerini daşarky bazarlara çykarmak hem meýilleşdirilýär — diýip, kömelek ösdürilip ýetişdirilýän «Döwletli döwür» hususy kärhanasynyň hünärmeni Aýbek Sadykow gürrüň berdi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available