Daşoguz+5°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Halkymyzyň guwanjy, ýakyn syrdaşy

23.10.2025
2
Halkymyzyň guwanjy, ýakyn syrdaşy

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz aladalarynyň netijesinde Garaşsyz ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, halkymyzyň olara bolan hormat-söýgüsini has-da artdyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Ata Watanymyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň uly dabaralara beslenilip, giňden bellenilip geçilmegi-de muňa anyk şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz: «Merdana ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyz Ýer ýüzünde bar bolan tohum itleriniň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Halkymyzyň guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen alabaýlarymyz biziň buýsanjymyzdyr» diýip, alabaý itlerine belent sarpa goýýan bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaýynyň zandynda bar ukyplary halkymyzyň pähim-paýhas baýlygyna öwrülip, iňňän irki döwürlerden bäri ýaşaýar. Türkmen alabaý itleri özboluşly milli medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar» diýip bellemek bilen, olaryň gadymylygy, batyrlygy, edermenligi, akyllylygy barada giňişleýin gürrüň berýär. Halkymyz wepalylygyň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň nusgasy bolan alabaý itlerine hemişe hormat goýup, onuň şeýle kämil derejä ýetmegi üçin köp zähmet çekipdir. Munuň şeýledigini ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşarda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde olaryň daş şekilleriniň tapylmagy, alabaýlar bilen baglanyşykly wakalary beýan edýän rowaýatlaryň, hekaýatlaryň biziň günlerimize gelip ýetmegi, köp sanly nakyllaryň, paýhasly sözleriň il arasynda ýörgünli bolmagy hem tassyklaýar.
Belläp geçişimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen alabaýlaryna bolan hormat-sarpa has-da belende göterilip, olary saklamak, köpeltmek, kämilleşdirmek ugrundaky işler, köpçülige, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda wagyz etmeklige gönükdirlen çäreler barha giň gerime eýe bolýar. Bu babatda halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň, paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda onuň döwrebap merkezleriniň döredilmegi, her ýyl halkara «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly bäsleşiginiň geçirilmegi, alabaýlary saklamak, köpeltmek, olara tälim bermek boýunça alnyp barylýan işlere uly goşant goşýan itşynaslara hormatly atlaryň dakylmagy we beýlekiler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki şeýle möhüm işleriň durmuşa geçirilmegi türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny ýokary galdyrmak bilen birlikde, bütin dünýäde olara bolan gyzyklanmanyň artmagyna, halkymyzyň buýsanç-guwanjynyň goşalanmagyna ýardam berýär. Bu hakykat halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň her ýyl Türkmen alabaýynyň baýramynyň öň ýanynda geçirilýän mejlisine gatnaşýan daşary ýurtly itşynaslaryň, şeýle hem ýurtdaşlarymyzyň ençemesiniň çykyşlarynda, aýdýan buýsançly sözlerinde aýdyň ýüze çykýar. Elbetde, welaýatymyzda hem türkmen alabaýlaryny saklamak, köpeltmek babatda degerli işleri alyp barýan itşynaslar az däl. Olar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bu babatda amala aşyrylýan çärelere öz goşantlaryny goşmagy maksat edinip, uly hyzmatlary bitirýärler. Şeýle zähmetsöýer itşynaslaryň göreldesine eýerip, bu hünäre gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň sanynyň köpelmegi hem aýratyn guwandyryjydyr.
Gadymy topragymyzyň gudraty, öý-ojaklarymyzyň, giň sähradaky owlak-guzy sürüleriniň töwereginiň ýaraşygy bolan alabaýlaryň dünýäde deňi-taýy bolmadyk keşbi, akyl-paýhasy halkymyzyň kalbynda baky orun alandyr. Bu hem olara uly hormat getirýär.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.