
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary yzygiderli tapgyrma-tapgyr ornaşdyrmak kesgitlenilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bolsa hünär okuwynyň netijeliligine döwlet derejesinde uly ünsüň berilýändigini görmek bolýar.
Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, şonuň ýaly-da dünýäniň öňdebaryjy ylym we bilim merkezleri bilen gatnaşyklar giňeldilýär.
Döwletimiz tarapyndan ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, halkynyň taryhyny bilýän, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine buýsanýan, onuň şan-şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watansöýüji nesli kemala getirmek biziň baş maksadymyzdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimiň hiline halkara tejribeler esasynda baha bermegiň döwrebap nusgalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminamada mekdebe çenli çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, bilimli, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilen çäreler göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmak, täze tehnologiýalar esasynda okuwyň mazmunyny, görnüşini kämilleşdirmek, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalaryň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu möhüm resminamalaryň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony dünýä ölçeglerine laýyk getirmek meselelerine aýratyn üns berýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň iň çetki etraplarynda hem internet elýeterliligini artdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek babatda degişli işler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bilim ulgamynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän bilim işgärleriniň işlerini döwrebap guramakda, olaryň işjeňligini artdyrmakda ähmiýetlidir.
Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available