Daşoguz+5°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Haýyr-sahawat — ömre dowamat

27.10.2025
2
Haýyr-sahawat — ömre dowamat

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parasatly pederlerimiziň kömege mätäji goldamak, haýyr-sahawat etmek ýaly asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelýän ynsanperwer ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Biz muňa Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleriniň mysalynda-da aýdyň göz ýetirýäris.
Haýyr-sahawat ömre ömür goşýar, durmuşa many berýär. Bu babatda söhbet edilende, dürli kesellerden ejir çekýän ýüzlerçe çagalara Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna operasiýalaryň geçirilmeginiň, saglygy goraýyş edaralaryna iň zamanabap lukmançylyk enjamlarynyň, «Tiz kömek» awtoulaglarynyň satyn alnyp berilmeginiň, ýene kän haýyrly işleriň başynyň tutulmagynyň ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň güwäsidigini nygtamalydyrys. Operasiýadan soňky sagaldyş-dikeldiş işleriniň hem geçirilýändigini, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde-de şeýle asylly işleriň dowamly alnyp barylýandygyny göz öňünde tutanyňda, munuň özi ýagşa ýaran, haýra hemra halkymyzyň kömege mätäje ýardam goluny uzatmak, onda-da saglygyny dikeltmegine goltgy bolmak ýaly sogaply hem belent adamkärçilige esaslanýan işleriniň kökleriniň çuň, şahalarynyň örän ýaýbaňdygyny alamatlandyrýar. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda çagalaryň sagdyn ösmegi üçin zerur bolan witaminler toplumyny öndürmegiň ýola goýulmagy, «akylly» şäherde lukmançylyk edaralarynyň şepagat uýalary üçin okuw merkeziniň açylmagy bilen bagly teklipler bagtyýar, sagdyn geljegimiziň binýadyny berkitmäge gönükdirilendigi bilen buýsanjyňy artdyrýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmeginde-de, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginde-de ähmiýetli işleri durmuşa geçirip, bu ugurdaky özgertmelere uly goşant goşdy. Onuň ynsanperwer işlerine halkara derejede hem uly hormat goýlup, gyzyklanmalar artýar. Şu ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň plenar mejlisindäki çykyşynda «Geljegiň ählumumy lukmançylygy — raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk» başlangyjyny beýan etmegi hem muny doly tassyklaýar. Onuň many-mazmuny lukmançylyk diplomatiýasynda uzakmöhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlaryny kesgitlemek bilen baglanyşyklydyr. 
Bu günki gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ata-babalarymyzdan gelýän dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna hormat goýmak, diňe bir jemgyýetçilik durmuşynda däl, halkara gatnaşyklarda-da olaryň ornuny pugtalandyrmak babatda hem nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Gabala şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň XII sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana amala aşyran saparynyň dowamynda haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bu doganlyk ýurduň Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygyna girişilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biri boldy.  
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 29-njy martynda, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat şanly ýylyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň biri boldy. Ol bu gaznanyň nusgalyk ynsanperwer işleridir hoşniýetli başlangyçlaryna dünýä ýurtlarynda gyzyklanmalaryň uludygyny ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Giň gerimli çärä Özbegistan, Türkiýe, Eýran, Russiýa, Gazagystan, Hytaý, Täjigistan, Belorussiýa, Gyrgyzystan, Hindistan, Gruziýa, Ermenistan, Pakistan, Awstriýa ýaly ýurtlardan döwlet düzümleriniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle-de halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň işjeň gatnaşmagy-da munuň aýdyň güwäsi boldy. Halkara maslahatyň Jemleýji resminamasynyň BMG-niň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi bolsa halkymyzyň buýsanjyny has artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen döredilen gaznanyň Türkiýede, Owganystanda ýertitreme, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý ülkesinde suw joşgunlary zerarly ejir çeken çagalara, Ukrainanyň we Palestinanyň çagalaryna aýny zerur wagtynda ynsanperwerlik goluny uzadyp, ýardam edendigini, geçen ýyl onuň serişdeleriniň hasabyna täjik halkynyň çagalaryna saglygy goraýyş maksatly we çagalara niýetlenen önümleriň, Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Türkmenistan tarapyndan gurlan Magtymguly Pyragy adyndaky 540 orunlyk orta mekdebiň 1-nji synp okuwçylaryna ýurdumyzda öndürilen «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriň, «Toyota Coaster» kysymly awtobusyň sowgat berlendigini hem aýratyn belläp geçmek gerek. 
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysyna beren interwýusynda örän jaýdar nygtaýşy ýaly, ynsanperwerligi esasy ugur edinýän bu gaznanyň işleriniň esasynda türkmen halkynyň köpasyrlyk filosofiýasy, baý ruhy medeniýeti, däpleri, adatlary bardyr, eneligi, çagalygy goramak, ýaş nesiller baradaky aladalar bolsa biziň milliligimiziň hem özenini düzýändir. Halkymyzyň şeýle ynsanperwer, asylly durmuş ýörelgelerini täze taryhy döwürde has-da berkidýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.