Ösüşiň ygtybarly guraly

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösdürilmeginde milli manadymyzyň orny örän uly bolup durýar. Şuny nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiziň onuň hümmetini berkitmek, dolanyşygyny kämilleşdirmek babatda berýän tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksadynda möhüm işler amala aşyrylýar. Munuň özi onuň satyn alyjylyk ukybyny artdyrmak bilen birlikde, abraýyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Belli bolşy ýaly, milli manadymyz 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2008-nji ýylda manadyň daşary ýurt puluna bolan ýeke-täk hümmetine geçilip, 2009-njy ýylda denominasiýasy, 2015-nji ýylda dewalwasiýasy amala aşyryldy. Bu bolsa onuň milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, söwdada, hyzmatlaryň töleginde we beýlekiler babatda ähmiýetiniň artmagyna ýardam berdi. Elbetde, her bir ýurduň milli pulunyň bolmagy onuň ykdysady taýdan doly özygtyýarlylygynyň esasy şertidir. Çünki ol ykdysady ösüşe düýpli täsir ýetirýän ykjam guraldyr. Şonuň üçin hem onuň dolanyşygyny döwletiň hereket edýän kada-kanunçylygyna laýyklykda ýola goýmaga hem-de alyp barmaga uly üns berilýär. Bu bolsa manadyň hümmeti bilen baglanyşykly meseläniň hemişelik gün tertibinde durýandygyny aňladýar. Häzirki bazar gatnaşyklaryna geçilýän döwürde manadyň hümmetiniň pugtalandyrylmagynyň aýratyn möhüm ähmiýeti bardyr. Sebäbi hususy eýeçiligiň ösdürilmegi bilen pul has-da ykjam ykdysady gurala öwrülýär. Munuň özi onuň önümçilige gözegçilik etmek mümkinçiligini hem döredýändigi bilen baglydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we beýleki resminamalaryň çäklerinde milli manadymyzyň ulanylyşynda uly özgerişler bolup geçýär. Şonda sanly bank hyzmatlaryna geçilmegi bilen nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegi onuň dolanyşygyny has-da çaltlandyrýar. Şeýle çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli manadymyzyň satyn alyjylyk ukybyny pugtalandyrýar, hyzmatlary hil taýdan täze, has ýokary basgançaklara götermäge mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde onuň ulanylyşynyň has-da kämilleşdirilmegi, oňa dünýäniň ösen tejribeleriniň ornaşdyrylmagy öňde goýlan maksatlara ýetilmegini üpjün edýän esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
