Ekologiýa hyzmatdaşlygy — möhüm mesele

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň maslahatlarynda, sammitlerinde, forumlarynda umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň golaýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibi hem munuň anyk mysalydyr. Şonda hormatly Prezidentimiz: «Şeýle merkeziň döredilmegi sebit mümkinçiliklerini birleşdirmäge, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ýardam eder» diýip nygtady.
Ýaňy-ýakynda BMG-niň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşynda edilen teklipler hem bu babatda örän möhümdir. Döwlet Baştutanymyz şol maslahatda dürli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigini belledi. Olaryň hatarynda ekologiýa meseleleriniň esasy orunlaryň birini eýeländigini nygtamak gerek. Çünki olar bilen baglanyşyklylykda aýdylanlar Türkmenistanyň bu babatdaky garaýyşlaryny, ýörelgelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge uly ýardam berdi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda: «Biz ähli ykdysady işi ekologiýa standartlary bilen utgaşdyrmagyň zerurdygyndan ugur alýarys. Biziň ekologiýa syýasatymyzyň esasy ugry ykdysady ulgamy önümçilik pudagynyň tebigatyň bäsdeşi däl-de, eýsem, sazlaşdyryjy we daýanjy bolar ýaly ýola goýmakdan ybaratdyr» diýip, belläp geçdi. Munuň özi ýurdumyzda ähli pudaklary ösdürmek boýunça amala aşyrylýan taslamalarda, maksatnamalarda, ilki bilen, ekologiýa bilen sazlaşyga, onuň bähbitlerine aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär. Şundan görnüşi ýaly, energetika, howa, suw üpjünçiligi we beýleki ugurlar aýratyn üns berilmäge degişlidir.
Mälim bolşy ýaly, energetika her bir ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, ony ösdürmek, has netijeli ugurlaryny gözlemek, bu ugurda öňdebaryjy tejribelere eýermek boýunça döwlet derejesinde iş geçirilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň öz öňünde goýýan maksatlary barada hormatly Prezidentimiz çykyşynda şeýle belleýär: «Türkmenistan beýleki ugurlarda, şol sanda, energetika babatda hem ekologiýa meselesine aýratyn üns berýär. Biziň ýurdumyz bu meselede gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak boýunça işi çaltlandyrmak ugrunda çykyş edýär». Bu sözler soňky ýyllarda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tagallalara biziň ýurdumyzyň içgin ýardam bermäge çalyşýandygyny aňladýar.
Hormatly Prezidentimiziň şol maslahatda Hazar hem-de Aral deňizleriniň meselelerine aýratyn ünsi çekendigini bellemek zerur. Nygtalyşy ýaly, bu meseleler sebit, hatda kontinental çäklerden hem çykýar. Bu barada gürrüň edip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Hazaryň daşky gurşawyny goramak bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça «Hazar ekologik başlangyjy» bilen çykyş edendigini, onuň wagty ýeten ekologiýa meselelerini çözmegi öňe sürendigini belledi. Şonuň ýaly-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Aral deňzini halas etmek meselesiniň hem ähmiýetiniň örän uludygyny, biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasynyň hem-de guramanyň degişli komissiýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine seretmek» diýen Kararnamasynyň bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge esas bolup durýandygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyzyň esasy tebigy baýlyklarymyzyň biri hasaplanylýan suw bilen baglanyşykly başlangyçlaryny işjeň durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz şol iri halkara maslahatda hem bu meseläniň aýratyn taraplaryna ünsi çekdi. Şonda döwlet Baştutanymyz: «Türkmenistan suwa deň we adalatly elýeterlilik halklaryň hem-de her bir adamyň tebigy we düýpli hukugydyr diýip, berk we üýtgewsiz çykyş edýär» diýip, belläp geçdi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
