Daşoguz+5°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz

30.10.2025
2
Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly döredijilik bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry geçirildi.

Daşoguz şäherindäki «Ýaşlar» merkezinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna çeper elli keşdeçi zenanlaryň birnäçesi gatnaşdy. Merkeziň sahnasynyň zenanlaryň el işleri bilen ajaýyp görnüşde bezeg aýratynlygyna eýe bolmagy hemmelerde ýakymly duýgulary döretdi. Çeper elli zenanlar bellenen şertlere laýyklykda, bu ajaýyp el işine taýýarlygyny gürrüň bermekde, keşde çekip görkezmekde, öz eden işlerini geýnip, onuň waspyny ýetirmekde başarnyklaryny doly açyp görkezdiler. Aýratyn ussatlygy bilen tapawutlanan zenanlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Olara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şäher medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdymlary hemmelere ruhy lezzet paýlady. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.