Bagtyýar geljek ugrunda

Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» kitabynda: «Dünýäde çagadan gymmatly zat ýokdur» diýip, adamzat ýaşaýşynyň gymmatlygynyň, geljeginiň, manysynyň çagalardygyny beýan edýär. Ähli arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy bolan eziz Watanymyzda ýaşaýan bagtyýar çagalarda ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylyk we raýatlyk duýgularyny terbiýelemek, döredijilik işjeňligini ösdürmek, olary doly derejeli durmuşa taýýarlamak ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenip, bu ugurlarda kabul edilýän her bir täze hukuk namalary hem çagalaryň ählitaraplaýyn goraglylygyna gönükdirilendir. Häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek, çagalaryň saglygyny, bähbitlerini hem-de hukuklaryny goramak ýaly örän möhüm ugurlar boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz döwet galamyndan dörän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiz bagtly, bagtyýar çagalaryň mekanydyr» diýip belleýär. Bu hakykat paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda hem öz beýanyny tapdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilen halkara sergi-ýarmarkasy hem ýurdumyzda çagalaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň döwlet derejesinde goldanylýandygyny we ösdürilýändigini ýene-de bir gezek subut etdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalara bilim-terbiýe bermek ugrunda möhüm ädimler ädildi, bu ugurdaky kanunlar döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýyndaky Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek ugrunda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Esasy Kanunymyzyň 55-nji maddasyna laýyklykda, her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr, umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär. Tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär. Ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellenýär. Bilim, terbiýe pudagynyň esas goýujy bu düzgünleri her bir adamyň döwlet bilim edaralarynda tölegsiz bilim almaga bolan hukuk goraglylygynyň Konstitusiýamyz bilen kepillendirilendigini takyklaýar. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hökmünde bilimi kämilleşdirmek ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bilim Türkmenistanyň ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň döwletiň isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýady bolup durýar. Terbiýe diýlip, adamyň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine milli we umumadamzat ruhy-ahlak, medeni we durmuş gymmatlyklary hem-de özüňi alyp barmagyň türkmen jemgyýetinde kabul edilen düzgünleri we kadalary esasynda şahsyýetiň ösmegine we kämilleşmegine gönükdirilen işe düşünilýär. Mekdebe çenli bilim çaganyň şahsyýetiniň beden hem-de akyl taýdan ösüşiniň esaslarynyň kemala getirilmegini, onuň milli we umumadamzat ruhy we medeni gymmatlyklary bilen tanyşdyrylmagyny, onda ukyplaryň we zehiniň ýüze çykarylmagyny hem-de ösdürilmegini üpjün edýän irki çagalyk döwründe okadylmagynyň we terbiýelenmeginiň maksatlaryna hyzmat edýär.
Durmuş taýdan goldawa mätäç raýatlaryň bilim almaga bolan hukuklaryny amala aşyrmak maksady bilen, olaryň bilim alýan döwründe üpjünçiligi bilen bagly harajatlary döwlet öz üstüne alýar. Şunuň ýaly goldaw berilýän raýatlaryň toparlary, goldaw bermegiň tertibi we onuň möçberleri Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň, bu ugurda kabul edilýän hukuk namalarynyň ählisiniň esasy maksady çagalaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmeklerine, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn ösmeklerine, ählitaraplaýyn hukuk goraglylygyna gönükdirilendir.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
