Mähir ummany

Gahryman Arkadagymyzyň ene mukaddesligi barada söhbet açýan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly dürdäne eseri halk köpçüliginiň ýüreklerine mähir bolup siňdi. Bu ajaýyp eser ähli ýaşdaky ynsanlaryň enä bolan söýgüsini arşa göterýär. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda: «Bize her bir sözi mekdep bolan enelerimiz üýtgeşik gudratdyr» diýip, belläp geçýär. Bu hakykatdan hem şeýle. Eneler çaga terbiýesini şirin hüwdüsinden başlaýarlar. Öz balasynyň geljegi baradaky arzuwlaryny, ýagşy niýetlerini hüwdülerinde beýan edip, mukaddes owaz bilen hiňlenýärler. Her çaganyň ilkinji dile getirýän sözleriniň biriniň «eje» bolmagy, megerem, ene mähriniň deňeşdirip bolmajak duýgularyň biridiginiň güwäsidir.
«Aglasa enem aglar, galany ýalan aglar» diýen atalar sözüniň hem çuňňur manysy bardyr. Ene — öz çagasynyň ähli şadyýan günlerine bütin kalby bilen begenjek, kyn gününde medetkär boljak, balasyna sözsüz düşünip ruhy taýdan hemaýatkär bolup biljek ýeke-täk ynsandyr. Halkymyzda enä Käbe, ata Kybla diýilýär. Bu mähribanlary hormatlamak, olara sarpa goýmak, sylamak her bir ynsanyň esasy borçlarynyň biridir. Ene mähremligiň belent nusgasydyr. Çagalyk durmuşyň iň gözel we ýatda galyjy täsinliklere baý pursadydyr. Ene söýgüsi ummandyr. Aňyrsyna göz ýetmeýän tükeniksiz bossanlykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan ruhlanyp, enäniň bahasyna ýetip bolmajak baş mukaddeslikdigine göz ýetirmek mümkin. Enäniň ýüregi perzentdedir, hatda, arasy daş bolsa-da, kalby ýakyndyr. Ene perzendi üçin ähli zada taýýar, emma yzyna hiç zat hantama bolmaýan ynsandyr. Eneleri hormatlamakda her birimize nusgalyk görelde bolup durýan Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyz, Bitarap döwletimiz arzuw-maksatlaryň hasyl bolýan ýurdudyr, gülläp ösüşiň we bagtyýarlygyň mekanydyr. Şu mukaddes Watanda eneleriň sarpasyny belentde tutmak ählimiziň mukaddes we müdimilik borjumyzdyr» diýip, örän jaýdar belleýär. Eneler — jemgyýetiň ahlak binýatlaryny, ynsanperwer ýörelgeleri, däpleri şu günlere ýetiren mähriban ynsanlardyr.
Durmuşymyzyň manysy bolan enelerimiziň nurana gözleri hemişe ýylgyryşdan nurlanyp dursun! Ene sarpasyny belentde tutýan mähriban Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
