Keşdeçiler bäsleşdiler

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de halkymyzyň köpasyrlyk medeni mirasynyň iň görnükli nusgasy bolan türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlap, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly döredijilik bäsleşiginiň Gubadag hem Boldumsaz etrap tapgyrlary geçirildi. Bäsleşigiň bu tapgyrlaryna keşdeçilik sungatyndan ussatlyk bilen baş çykarýan çeper elli zenanlaryň uly topary gatnaşdy. Olar türkmen keşdeçilik sungatyny ösdürmäge goşan goşantlary, keşde çekmäge taýýarlygy barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Sünnäli işe başlamak üçin zerur bolan iňňe saýlamak, ýüpek sapaklary işmek, nagyş saýlamak, nagşa laýyklap ýerligini biçmek we ýerini bölmek ýaly ilkinji taýýarlyk işlerini görkezdiler. Soňra bäsdeş zenanlar saýlap alan keşdelerini labyz bilen wasp etdiler. Şol bir wagtyň özünde olaryň keşde çekişlerine emin agzalary tarapyndan gözegçilik edildi. Inçe işi ýerine ýetirýän zenanlaryň ony dyzynyň üstünde dogry goýşuna, iňňe tutuşyna, sanjyşyna, işilen ýüpekleri ýerligine görä ulanyşyna, gürrüň berende keşdäniň taryhyny doly açyp bilşine aýratyn üns berildi. Şeýle hem zenanlar öz eden el işlerini geýip, çeper sözleriň üsti bilen onuň waspyny ýetirdiler. Zenan dünýäsine has ýakyn, olaryň ýürek arzuwlaryndan, on barmagynyň oýnamyndan syzylyp çykýan bu inçeden sünnäli işe yhlasdyr höwes hakyky sungata öwrülip, hemmeleriň ünsüni özünde jemledi. Ajaýyp görnüşler, zyba işler bäsdeş zenanlaryň bir-birinden erjelligini açyp görkezdi.
Netijede, has ökde gyz-gelinler öňe saýlanyp, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşanlara TKA-nyň etrap birleşmeleri tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlar owadan pursatlar bilen sazlaşyp, ýokary ruhubelentlik döretdi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
