Daşoguz-3°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Päk zähmetiň belent hormaty

06.11.2025
2
Päk zähmetiň belent hormaty

Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynyň birinde: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz oba hojalyk işgärleriniň, daýhanlaryň öndürijilikli işlemegi, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamagy üçin ähli şertleri döredýäris. Edermen daýhanlarymyz özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli edilýän aladany duýup, joşgunly we ýokary ruhubelentlik bilen zähmet çekýärler» diýip, uly buýsanç bilen belläp geçdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu sözlerini edermen daýhanlarymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dürli görnüşli oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny kemala getirmeklige ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirmek bilen, tutuş halkymyz üçin ýakymly baýramlaryň birine öwrülen Hasyl toýuna mynasyp zähmet sowgatlaryny taýýarlandyklary-da doly tassyklaýar. Bu olaryň şu ajaýyp ýylymyzy uly üstünliklere beslemek ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriniň berýän guwandyryjy netijelerinde aýdyň ýüze çykýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda gazanylýan şeýle uly üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere welaýatymyzyň zähmetsöýer daýhanlarydyr pileçileri hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Olar ene topraga çäksiz yhlaslaryny, ukyp-başarnyklaryny siňdirmek bilen, pagtanyň, bugdaýyň, şalynyň, ýeralmanyň, gök önümleriň, dürli görnüşli miweleriň bereketli hasylyny ýygnap, bol pile öndürip, ata Watanymyzyň belent harmanlaryna goşýarlar, halkymyzyň saçagyna ýetirýärler. Belli bolşy ýaly, şu ýyl welaýatymyzyň babadaýhanlary 145 müň gektar ýerde bugdaýyň, 140 müň gektar meýdanda pagtanyň, 8100 gektar ýerde şalynyň, 8800 gektar meýdanda ýeralmanyň, ýene-de müňlerçe gektarda gök önümleriň, miweleriň bol hasylyny ýetişdirmek, şeýle hem pile öndürmek boýunça derwaýys işleri durmuşa geçirdiler. Şonuň netijesinde welaýatymyzda pile öndürmek barada uly üstünlik gazanyldy. Şu ýylyň orak möwsüminde bolsa bugdaýyň uly möçberleri döwlete tabşyryldy. Geçen döwürde ýeralmanyň, gök önümleriň bol hasyly halkymyza ýetirildi. Häzirki günlerde bolsa atyzlarda bar bolan «ak altyny», şalyny ýitgisiz ýygnap almak ugrundaky möhüm işler gyzgalaňly dowam etdirilýär. 
Gazanylan şeýle üstünlikleriň hatarynda welaýatymyzyň pileçileriniň ýeten sepgitleri has-da guwandyryjydyr. Has takygy, olar geçen ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde meýilnamada göz öňünde tutulan 500 tonnanyň deregine 555 tonna ýokary hilli pile hasylyny döwlete tabşyrdylar. Munuň özi tejribeli ýüpekçilerimiziň çeken yhlasly zähmetleriniň ýerine düşüp, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda piläniň öndürilişini artdyrmak barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegine uly goşant goşandyklaryny, çäksiz goldawlaryna mynasyp iş bilen jogap berendiklerini aňladýar. Şan-şöhrata beslenýän ýylda belent sepgitlere ýetmekde daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň, aýry-aýry kärendeçileriň köp sanlysy has-da öňe saýlandylar. Şonda gallaçylyk hakynda aýdylanda, Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetini, Görogly etrabynyň «Aksaraý», Akdepe etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiklerini mysal hökmünde getirmek ýerliklidir. Çünki olar döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky ýyllyk meýilnamalaryny welaýatymyzda öňdäkileriň hatarynda, has artygy bilen ýerine ýetirip, uly abraýa eýe boldular.
Ýokarda nygtap geçişimiz ýaly, häzirki döwürde welaýatymyzda pagta ýygymy gowşamaýan depginde alnyp barylýar. Bu babatda Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, Gubadag etrabynyň «Döwletli», Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşikleriniň hasyl ussatlarynyň gazanan zähmet ýeňişleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şonuň ýaly-da pagtaçy kärendeçileriň ýüzlerçesi şertnamalaýyn borçnamalaryny irki möhletlerde berjaý edip, köplere görelde bolmagy başardylar. Olaryň arasynda Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçileri Jemile Mädrahymowa, Gülüstan Babajanowa, Gubadag etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçileri Ýagşygeldi Ýowjanow, Zulfiýa Öräýewa, Köneürgenç etrabynyň «Täze güýç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Magsat Meredow, «Hakykat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Garýagdy Hojamedow we beýlekiler bar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde Hasyl toýy giňden tutulyp, uly dabaralara beslenýär. Şeýlelikde, ol zähmetsöýer daýhanlaryň, ene topragyň, halal zähmetiň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da belende göterýän ajaýyp baýram hökmünde ençeme ýyllardan bäri ajaýyp däbe öwrülip, hemmeleriň kalbyna uly joşgun berip gelýär. Onuň şu ýylky dabarasynyň hem ýurdumyzyň, halkymyzyň uly baýramlaryna ulaşýandygy örän guwandyryjydyr. Mähirden, nurdan doly toýuňyz gutly bolsun, hormatly babadaýhanlar!
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.