Kämilligiň gözbaşy

Dil diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem, dostluk köprüsi bolup hem hyzmat edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dil öwrenmek, bilim almak esasy ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda ýaşlary milli ruhda, döwrebap terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ugurda täze üstünlikler gazanmaga, kämil we zehinli ýaşlary ýetişdirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Ajaýyp döwrümizde daşary ýurt dillerini öwretmegiň döwrebap usulyýeti kemala getirilýär. Bu babatda ösen tehnologiýanyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Audio we wideo ýazgylar bilen birlikde, dürli elektron görkezme esbaplar daşary ýurt dillerini netijeli özleşdirmäge ýardam berýär. Häzirki ýaşlar öwrenýän dillerini tiz özleşdirýärler. Olaryň dil öwrenmäge bolan ukyby has hem ýokarlanýar. Ýaşlarda sözlükler bilen işlemek endigini kemala getirmek bilen, olara iň täze kompýuter programmalaryň esasynda dil öwredilýär. Munuň özi okatmagyň, bilim bermegiň barha kämil derejelere eýe bolýandygyndan habar berýär. Dil öwrenmek täze bir dünýäni özleşdirmek hasaplanýar. Islendik dilde şol halkyň ruhy dünýäsi, medeniýeti şöhlelenýär. Şondan görnüşi ýaly, dünýä dillerini öwrenmek dünýäniň halklary bilen dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Ýaşlaryň dil öwrenmekleri olaryň dünýägaraýyşlaryny has-da giňeldýär, kämilleşmeklerine ýardam edýär.
Ylym-bilimi ösdürmekde, ýaşlara ene dilimizi we daşary ýurt dillerini öwretmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
