Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Daşoguz şäher häkimliginiň, şäheriň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» atly şygar bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Häkimligiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata jemgyýetçilik guramalaryň, ýaşuly nesliň wekilleri, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ata Watanymyzyň sagdyn durmuşyň rowaçlanýan ýurdy hökmünde belent abraýdan peýdalanýandygy, halkymyzyň sagdynlyk ýörelgelerine ygrarlylygyny pugtalandyrmakda öňde durýan wezipeler, olary durmuşa geçirmegiň ugurlary barada giňişleýin gürrüň edildi.
Maslahatyň dowamy ajaýyp şygarly ýylymyzy dabaralandyrýan aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
